Türkmen telewideniýesiniň taryhyndaky ilkinji tans bäsleşiginiň ― Türkmen owazy teleýaýlymynda tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan Tans et! atly bäsleşigiň jemleri jemlenildi. Bäsleşigiň final tapgyryna çenli ýeňijileri tejribeli hünärmenlerden düzülen eminler kesgitlän bolsa, umumy ýeňiji tomaşaçylaryň ses bermegi bilen jemlendi.
Tapgyrlaryň ençemesinden ybarat bolan bäsleşikde finala dört tansçy galdy. Alyp baryjy Guwanç Meläýewiň hem yglan edişi ýaly, bäsleşigiň ýeňijisini saýlamak üçin 0504 telefon belgisine 6670 sany SMS ugradyldy. Gelen SMS-leriň netijesinde:
1055 ses toplan Kowus Meläýew üçünji;
1064 ses toplan Batyr Aşyrow ikinji;
1911 ses toplan Rahym Berdiýew birinji orna mynasyp boldy.
Bäsleşigiň baş baýragyna bolsa ähli sesleriň 2640-syny toplan Ymammuhammet Gurbanakow mynasyp boldy. Şeýlelikde, ol türkmen telewideniýesinde ilkinji gezek geçirilen tans bäsleşiginiň ýeňijisi hökmünde taryha girdi.