Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki telewideniýesi 25-nji sentýabrda ýakyn wagtda Aşgabatda açyljak golf meýdançasynyň gurluşygyndan sýužet görkezdi.
Ýatladaýrys, Aşgabatda gurulýan golf meýdançasynyň dizaýneri Birleşen Ştatlaryň “Niklaus dizaýn” kompaniýasy bolup durýar. Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 2017-nji ýylyň 7-nji aprelinde bu kompaniýanyň başlygy Jek Niklausy ýedinji gezek kabul etdi.
Jek Niklausyň Türkmenistana ýygy-ýygydan sapar etmegi Berdimuhamedowyň soňky ýyllarda Türkmenistanda golfy ösdürmeklige gyzyklanmagy bilen düşündirilýär. Ýurduň dürli regionlarynda 10 sany golf meýdançasynyň guruljakdygy habar berilýär. Aşgabatda ýokary kategoriýaly golf-kluby üçin meýdança we bir tälim meýdançasyny gurmagy proýektirlemek we gurmak karar edildi. Soňra “Awazada” hem başga ýerlerde bäş welaýatyň hersinde bir golf-kluby açylar.
Ýatladýarys, Nikalus 2016-njy ýylyň dekabrynda ýurda sapar edeninden soň, “Berdimuhamedowa golfyň nämä gerek bolandygyny bilmeýändigini, ýöne onuň örän ýakymly adamdygyny” aýdypdy.
Berdimuhamedowyň sözlerine görä, “golf Türkmenistana örän laýyk gelýär, sebäbi dünýäde iň bir meşhur sportlaryň biri we onuň bilen islendik ýaşda, ýylyň islendik paslynda meşgullanmak mümkin”.