Azatlyk radiosynyň redaksiýasy türkmen telekeçileriniň we häzir Türkmenistanda ýapylan türk okuw jaýlarynyň ozalky mugallymlarynyň bir toparyna çykarylan sud hökümleriniň göçürmesini çap etdi.
2017-nji fewralynda bolan ýapyk sud prosesinde 2016-njy ýylyň oktýabrynda tussag edilen 30 adama, türk ruhanysy Fethulla Güleniň “Hyzmat” hereketi bilen ileşiklilikde güman edilip, uzak möhletlerde ýyl kesildi. Türk häkimiýetleri Fethulla Güleni 2016-njy ýylyň iýulyndaky harby döwlet agdarylyşygy synanyşgynda günäleýärler.
Ýyl kesilenleriň arasynda tanymal biznesmenler Döwlet Ataýew we Resul Atageldiýew, şeýle-de ýapylan türkmen-türk liseýleriniň ozalky mugallymlary bar.
Göçürmäniň nä derejede hakykatdygyny beýleki garaşsyz çeşmeler arkaly anyklamak başartmady, emma Türkmenistanyň garaşsyz ýuristler bileleşiginiň agzasy Timur Misrihanowyň ynanjyna görä, dokumentiň düzülişi we mazmuny onuň hakykatdygyny aýtmaga esas berýär.
Göçürmede işine seredilen jemi 18 adamyň umumy hasap bilen 333 ýyl türme tussaglygyna höküm edilendigini görse bolýar.
Şu ýylyň 8-nji fewralynda çykarylan Hökümde ady geçýän 18 adamyň ählisine-de Türkmenistanyň Jenaýat Kodeksiniň 177-nji, ýagny Durmuş, milli ýa-da dini duşmançylygy döretmek maddasynyň 3-nji bölegine; şeýle-de 275-nji, ýagny Jenaýatçylykly düzümleriň maliýeleşdirilmegi maddasynyň 3-nji bölegine laýyklykda aýyplama bildirilip, olar günäli tapylypdyrlar.
Misrihanow bir höküm bilen birdenkä 18 adamyň tussaglyga höküm edilmeginiň juda seýrek gabat gelýändigini aýdyp, aýyplanýanlaryň ählisini diňe dört aklawçynyň goramagynyň hem göze dürtülýändigini’ belledi.
Azatlyk Radiosynyň ýokarda ady agzalan raýatlaryň işini ýakyndan yzarlaýan çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, olaryň sud diňlenişikleri ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilipdir. Emma, Türkmenistanyň garaşsyz ýuristler bileleşiginiň agzasy Timur Misrihanow hökümde görkezilen maddalardan ugur alynsa, onda diňlenişigiň ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilmegine hiç hili esasyň ýokdugyny aýtdy.