Türkmen telekeçileri Parižde geçiriljek TEIF 2024 halkara forumyna gatnaşarlar

Türkmen telekeçileri Parižde geçiriljek TEIF 2024 halkara forumyna gatnaşarlar

Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl pudagyndan dürli ugurda iş alyp barýan ondan gowrak kompaniýalar we aýry-aýry kärhanalar 2024-nji ýylyň 24-25-nji aprelinde Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma (TEIF 2024) gatnaşarlar.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, Türkmenistanyň nebit-gaz, senagat we energetika gurluşygy pudagyndaky iň uly gurluşyk hem-de inženerçilik şereketleriň biri bolan “Inžener çözgütleri” kompaniýasy, Türkmenistanda ulagyň ähli görnüşi bilen ulag we logistika hyzmatlaryny hem-de gümrük dellallygyny amala aşyrýan “Eminli maslahat” hususy kärhanasy, nebit-gaz we energetika pudaklarynda, import-eksport we awtomobilli ýük daşama hyzmatyny hödürleýän “Garagum hazynasy” hususy kärhanasy, türkmen bazarynda ulag-ekspeditorlyk we dellalçylyk hyzmatlary boýunça iş alyp barýan “Meşhur ýol” hususy kärhanasy foruma gatnaşmaga meýillerini bildirdiler.

Şeýle hem Pariž şäherinde geçiriljek TEIF 2024 forumyna “Rysgally gün”, “Bereketli ulag”, “Ýol tumary” ýaly türkmen kompaniýalarynyň we hususy telekeçileriň hem gatnaşmaklaryna garaşylýar.

Bu forumda nebitiň we gazyň öndürilmegi, daşalmagy we gaýtadan işlenmegi, gaýtadan dikeldip bolýan energetikany ösdürmek we energetika pudagyny mundan beýläk-de durnukly ösdürmek barada halkara gepleşikleri ýaýbaňlandyrmak bilen baglanyşykly özara gatnaşyklaryň geljegini ara alyp maslahatlaşmak göz öňünde tutulýar.

Forumyň işine “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi, Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni, Türkmenistanyň Energetika ministrligi, NAPECO, TAPI “Pipeline Company Limited”, “Türkmengaz” DK-niň ýanyndaky “Tebigy gaz ylmy gözleg instituty” gatnaşyp, olar geljekki maýadarlara täze maýa goýum taslamalary barada ygtybarly we giňişleýin maglumat bererler.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleri, halkara we milli kompaniýalar, maliýe edaralary we banklar, uniwersitetler hem ylmy-derňew merkezleri, metbugat gulluklarynyň wekilleri gatnaşarlar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda OGT-2022 Halkara maýa goýum forumy başlady
RF-niň Türkmenistandaky Ilçihanasy wiza bermekligi dikelder, Aşgabatda OGT-2022 forumy başlady, Türkmenistanda ilata hyzmatyň derejesi ýokarlandyrylar we beýlekiler
OGT-2023: Forumyň soňky gününde sylag gowşurylyş dabarasy geçirildi
Türkmenistan — dünýä energetikasynyň durnukly ösüşiniň strategik merkezi
21.04.2019 | Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine
Türkmenistanyň gaz diplomatiýasy: ählumumy durnukly ösüşiň we parahatçylygyň bähbidine