Türkmen telekeçileri Owganystandaky sergä gatnaşýarlar

Türkmenistanyň işewürlerinden düzülen topary Owganystanyň paýtagty Kabul şäherinde geçirilýän 2-nji milli we halkara ymam Abu Hanife sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar. Owganystanyň Söwda-maýa goýum edarasynyň guraýan sergisi 16-njy iýuldan 22-nji iýula çenli dowam eder.

Owgan metbugatynyň berýän habaryna görä, bu serginiň geçirilmegindäki maksat owgan önümlerini tanyşdyrmakdan, milli maýadarlary goldamakdan, milli we halkara işewür düzümleriň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmakdan ybaratdyr.

Sergi-ýarmarkasynda oba hojalygy, gurluşyk, halk senetçiligi, lukmançylyk enjamlary, lukmançylyk serişdeleri we beýleki ugurlardaky önümler görkezilýär.

Sergide Eýranyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Pakistanyň we beýleki ýurtlaryň işewür düzümleri özleriniň diwarlyklaryny açyp, öz önümlerini tanyşdyrýarlar.

Serginiň açylyş dabarasynda çykyş eden Owganystanyň Premýer-ministriniň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Mulla Abdul Gani Baradar Ahund öz ýurdunyň senagat we oba hojalyk önümleriniň giň halkara köpçüligine tanyşdyrmagyň möhümdigini belledi.

Onuň bellemegine görä, ýurduň hökümeti senagat we oba hojalyk önümlerini tanyşdyrmak üçin döwletiň çäginde we daşary ýurtlarda birnäçe sergileri guramak başlangyjy bilen çykyş edýär.

Ol bu serginiň Owganystanyň iň uly we giň gerimli sergileriniň biridigini avdyp, bu ýerde 600-e golaý senagat we oba hojalyk önümleriniň tanyşdyrylýandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

12 sany ykdysady taslama maliýeleşdiriler
Ýakynda Aşgabatda TOPH taslamasynyň ýolbaşçy komitetiniň mejlisi geçiriler
Türkmen telekeçileri Owganystandaky halkara sergä gatnaşýarlar
Merkezi Aziýa adam hukuklaryny düýpli bozýandygyna garamazdan, "Talyban" bilen gatnaşyklaryny pugtalandyrýar
Türkmen-owgan gaz geçirijisiniň düýbüni tutmak dabarasy göz üçin edildi çeşmeler
Maryly ýaşaýjylar owgan halkyna iberilen haýyr-sahawat ýardamlaryny ara alyp maslahatlaşýarlar