Türkmen telekeçileri Özbegistanda geçiriljek halkara sergilere çagyrylýar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde geçiriljek şu aşakda görkezilen halkara sergilere gatnaşmaga çagyrylýar:

2024-nji ýylyň 20-24-nji fewraly aralygynda “Agro Pro Expo” giň gerimli oba hojalyk tehnikalary we tehnologiýalary sergisi;

2024-nji ýylyň 28-29-njy fewralynda “World Edu” bilim ulgamyna degişli dürli forumlaryň geçiriljek halkara sergisi;

2024-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde “Exom & Retail Expo Samarkand” elektron söwdasy we şu ugur boýunça programmirleme, dürli elektron hyzmatlar boýunça halkara sergi;

2024-nji ýylyň 1-2-nji iýunynda “Promotors show Samarkand” ulag hem-de ätiýaçlyk şaýlary we tehnologiýalary boýunça halkara sergi.

Habarlaşmak üçin:21-23-64, 21-23-75

Internet sahypasy: www.sofexpo.uz

Ýene degişli makalalar

“Atletiko” hem-de “Atalanta” myhmançylykda 6 gol geçirdi
2022-nji ýylda dünýäde iň köp satylan sport köwüşleri mälim edildi
Aşgabatda Koreýa Respublikasynyň medeni günleri geçirildi
Ginnesiň rekorlar kitabyna girizildi
Ilon Mask G20 sammitine gatnaşar
17 lider Bali sammitine gatnaşmakçydygyny aýtdy