Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda, Däneata şäherçesiniň golaýynda önümleriň birnäçe görnüşini ýod, kaustiki soda we hlor çykarýan enjamlar toplumy işe girizildi.Kärhahany TSTB-niň agzasy “Himiýa senagat” hojalyk jemgyýeti ýerasty minerallaşan suwlaryň ýatagy tapylan Günbatar Çalja meýdançasynda bina etdi.
Tebigy duzly erginleriň bir kubmetrinde 200 grama çenli ýod jemlenendir. Önümçilik üçin çig mal Marynyň gidrogeologiýa toparynyň hünärmenleriniň burawlan guýylaryndan tehnologik enjamlara berilýär.Döwrebap enjamlaryň kömegi bilen bu himiki işjeň mineral duzly erginlerden buga tutmak usuly arkaly alynýar.
Karhananyň taslamasy telekeçileriň tabşyrygy boýunça Ýodobrom ylmy-önümçilik birleşiginde (RF) işlenilip taýýarlanyldy.Kärhananyň birinji tapgyrynyň kuwwatlylygy ýylda 160-180 tonna ýod öndürmäge niýetlenendir.Hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri Günbatar Çalja meýdançasynda kärhananyň şeýle kuwwatlykly ikinji tapgyrynyň gurluşygynyň hasabyna gymmatly çig malyň önümçiligini has-da giňeltmek boýunça telekeçilik meýilnamasyny işläp taýýarladylar. Ýakyn üç ýylda ýod çykarylyşyny ýylda 500 tonna çenli artdyrmak göz öňünde tutulýar.
Deňiz ýakasynda, Ekeremiň töwereginde “Himiýa senagat” HJ kärhananyň önümçilik binalarynyň gurluşygyny alyp barýar, onda uglewodorod çig maly çykarylanda ulanylan senagat suwlaryndan elementar ýod almak usuly ulanylar. Ýody alnan suw howuzlarda saklanar, soňra ondan beýleki himiki elementleri almak göz öňünde tutulýar, şeýle hem ol gatlak basyşyny saklamak üçin nebitli gatlaklaryny doldurmak üçin ulanylyp bilner.
Bereket etrabynda ilkinji gezek türkmen telekeçileri önümçilikleriň köpüsinde, şeýle hem agyz suwuny arassalamak we zyýansyzlandyrmak üçin ulanylýan kaustiki sodanyň hem-de hloryň çykarylyşyny ýola goýdylar.Däneata şäherçesiniň golaýyndaky meýdançada gurlan ýod önümçiliginde himiki işjeň maddalary öndürmek üçin zerur tehnologik enjamlar oturdyldy.
Peterburgly hünärmenleriň döreden enjamynda gije-gündiziň dowamynda 1,5 tonna çenli kaustiki soda we 100 kilograma çenli hlor çykarylýar.Guwlyduz kärhanasynyň önümi bolan deslapdan arassalanan duz ýokary hilli reagentleriň önümçiligi üçin çig mal bolup hyzmat edýär.
Telekeçileriň döreden täze önümçiligi diňe bir pudaklaryň ençemesine gerekli daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öz ýurdumyzda öndürmän, eýsem onlarça goşmaça iş orunlaryny döretmäge hem mümkinçilik berer.