Türkmen telekeçileri Gazagystanda geçiriljek işewürlik missiýasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen telekeçileri Gazagystanda geçiriljek işewürlik missiýasyna gatnaşmaga çagyrylýar

Astana diplomatik kluby türkmen telekeçilerini Gazagystanyň paýtagtynda geçiriljek işewürlik missiýasyna gatnaşmaga çagyrýar. Bu çäre 2024-nji ýylyň 19 — 23-nji fewraly aralygynda geçiriler.

Işewürlik missiýasynyň maksady — türkmenistanly telekeçilere Astananyň işewürlik hem-de maýa goýum potensialy bilen tanyşmak üçin mümkinçilik döretmekden ybarat. Saparyň çäklerinde gatnaşyjylar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli bolan kärhanalara we guramalara baryp görerler, şeýle hem Gazagystanyň döwlet edaralarynyň we işewürlik pudagynyň wekilleri bilen duşuşarlar.

Astana — Gazagystanyň iň uly, häzirki zaman hem-de iň çalt ösýän şäherleriniň biri. Bu şäher sebitiň iş, syýasy, şeýle-de maliýe merkezidir. Şäher ýokary durmuş derejesine, çalt depginde ösýän bazara, ösen infrastruktura hem-de dürli sosial-ykdysady ugurlary sanlylaşdyrmak taslamalaryna eýedir.

Astana diplomatik klubunyň iş saparlary gatnaşyjylara şertnamalary baglaşmak, taslamalary durmuşa geçirmek we beýleki şertnamalar ýaly oňyn netijeleri gazanmaga ýardam etmäge gönükdirilen.

2023-nji ýylda Gazagystanyň telekeçileriniň şu hili işewürlik missiýalarynyň çäklerinde Türkmenistana iki gezek baryp görendigini bellemelidiris.

Işewürlik missiýasyna gatnaşmaga isleg bildirýän türkmen telekeçileri Astana diplomatik klubunyň Aşgabatdaky wekilligi bolan Zemin Syýahat hojalyk jemgyýetiniň wekillerinden şu telefon belgisi arkaly goşmaça maglumat alyp bilerler: (+993 62) 60 68 85.

Çäräniň deslapky maksatnamasy bilen klubuň web saýtyndan tanyşmak bolýar.

Ýene degişli makalalar

Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Gazagystanyň işewürlik mümkinçilikleri: türkmen telekeçileri Astana we Almata çagyrylýar
Soltan restoranlar zynjyry: Aşgabatda ertirlik nahary bilen günüň iň gowy başlangyjy
Soltan restoranlary öňdäki dynç günlerini ýatdan çykmajak derejede geçirmäge çagyrýar
Aýdyň Gijeler türkmen kärhanasy telewizorlarynyň ýyllyk önümçilik sanyny 100 müňe ýetirdi
Ýene-de Şammy. Aşgabatdaky meşhur baryň müşderileri 'ýegeniň' gazabyna duçar boldy