Türkmen telekeçileri Gazagystana guraljak işewürlik saparyna gatnaşmaga çagyrylýar

Türkmen telekeçileri Gazagystana guraljak işewürlik saparyna gatnaşmaga çagyrylýar

Gazagystanyň Astana diplomatiýa kluby türkmen telekeçilerini Astana we Almata şäherlerine guraljak işewürlik saparyna çagyrýar. Işewürlik saparynyň şu ýylyň 24 27-nji iýunynda guralmagyna garaşylýar. Bu barada nCa portaly habar berdi.

Işewürlik saparynyň maksatlary:

— Türkmen telekeçilerini Astana we Almata şäheriniň işewürlik we maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşdyrmak.

— iki ýurduň telekeçileriniň arasynda göni aragatnaşygy ýola goýmak.

— täze hyzmatdaşlary tapmaga we özara bähbitli şertnamalary baglaşmaga şert döretmek.

Mundan başga-da, işewürlik saparynyň çäginde Gazagystanyň döwlet edaralarynyň wekilleri we hususyýetçileri bilen duşuşyklar, senagat kärhanalaryna baryp görmek hem-de beýleki işewürlik çäreleri meýilleşdirilýär.

Astana we Almata şäherlerine guraljak işewürlik sapary türkmen telekeçileri üçin täze hyzmatdaşlary tapmak, geljegi uly bolan Gazagystanyň bazaryna girmek we öz taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir diýip, çeşmede bellenilýär.

Işewürlik saparyna gatnaşmak isleýän türkmen telekeçileri Zemin syýahat hojalyk jemgyýetine ýüz tutup, goşmaça maglumat alyp bilerler. Habarlaşmak üçin telefon belgisi : +993 62 60 68 85.

Ýeri gelende bellesek, Astana diplomatiýa kluby 2023-nji ýylda 2 gezek, 2024-nji ýylda bolsa 1 gezek gazak hususyýetçileriniň Türkmenistana işewürlik saparyny gurapdy. Şeýle-de bu klub tarapyndan şu ýylyň fewral aýynda türkmen işewürleriniň Gazagystana işewürlik sapary amala aşyryldy.

Ýene degişli makalalar

Astana diplomatik kluby türkmen kompaniýalaryny Gazagystanyň 2024-nji ýyldaky iri sergilerine çagyrýar
Gazagystanyň işewürlik mümkinçilikleri: türkmen telekeçileri Astana we Almata çagyrylýar
Türkmen işewürleri maýa goýum mümkinçiliklerini öwrenmek üçin Astana we Almata çagyrylýar
Gazagystanda Abaý güni bellenildi
Türkmen talyby ÝUNESKO-nyň bäsleşiginde ýeňiji boldy
Türkmenistanly türgenler stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Gazagystanda geçiriljek ýaryşda çykyş ederler