Türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberi artdyrylar

5-nji dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.Onuň dowamynda özara bähbitlilige, hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar açyklygy, özara ynanyşmagyň, düşünişmegiň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, halkara düzümleriň çäklerinde-de üstünlikli hyzmatdaşlyk edilýändigine üns çekildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we goldaw bermek, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda birnäçe ýyllaryň dowamynda Özbegistan Respublikasyna tebigy gazy iberýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz we doganlyk döwletiň Baştutany gaz ulgamyndaky bilelikdäki işiň ýokary netijeliligini, uzak möhletleýin häsiýetini bellediler hem-de türkmen tebigy gazynyň Özbegistana iberilýän möçberini artdyrmak barada ylalaşdylar. Şeýle-de bu ugurda ýakyn wagtda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän bilelikdäki taslamalaryň uly mümkinçiliklerine üns çekildi.

Gahryman Arkadagymyz we Prezident Şawkat Mirziýoýew suw hojalygy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri barada pikir alyşdylar. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri Merkezi Aziýada suw meselelerini çözmekde Türkmenistanyň garaýyşlaryny beýan etdi.

Hususan-da, sebitde suw meselelerine, birinjiden, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda; ikinjiden, suw serişdelerine erkin we adalatly elýeterliligiň halkara ýörelgelerine görä, sebitiň ähli ýurtlarynyň bähbitleri nazara alnyp çözülmelidir, üçünjiden, bu meselä halkara guramalary, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasyny giňden çekmek arkaly seredilmelidir.

Dostlukly döwletiň Lideri şeýle çemeleşmäni berk goldady we suw meselelerinde Türkmenistanyň hem Özbegistanyň garaýyşlarynyň doly gabat gelýändigini tassyklady we bu babatda Özbegistanyň türkmen tarapy bilen ikitaraplaýyn esasda, şeýle-de halkara düzümleriň çäklerinde mundan beýläk-de ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady. /* custom css */ .td_uid_15_6752e97621b6a_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_6752e97621b6a_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň we Ermenistanyň täze bellenilen ilçilerini kabul etdi
6-njy dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň täze ilçisini kabul etdi
Şawkat Mirziýoýew Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlady
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Şawkat Mirziýoýew türkmen-özbek gatnaşyklaryny berkitmegi maslahatlaşdylar
Türkmenistan Özbegistana iberilýän tebigy gazyň möçberini artdyrar