Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş köli

Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş köli

CADI (Merkezi Aziýanyň çölleri boýunça başlangyç) taslamasynyň çäklerinde guralan ekspedisiýamyz dowam edýär.Sarygamyş köli bilen uzak garaşdyran duşuşyga kenarýaka düzlükden bary-ýogy 3 kilometr ýol galan bolsa-da, meniň üçin-ä ol hem daş, hem uzaga çekene döndi. 70-nji ýyllaryň başynda ozalky Krasnowodsk, häzirki Hazar goraghanasynda işlän döwrüm gyşlaýan guşlaryň sanawyny geçirip, kärdeşlerimiz bilen uçarda kölüň Uzboý hanasyna we Sarygamyşa aýlanypdyk, indi ýarym asyra golaý wagt geçen soň men bu ýerleri ýakyndan öz gözüm bilen görmekçi bolýaryn.

Garagum çölüniň demirgazyk çägindäki we Üstýurdyň günorta çüňklerinde ýerleşýän kölüň häzirki ady uzynlygy 150 we ini 90 km bolan gadymy süýri çöketlikden gelip çykýar.Onuň çuňlugy dünýä ummanynyň derejesinden 38 metr pes, ýaşy müňlerçe ýyl.

Owadan Jeýhun derýamyzyň öz kesir gylygyny adam siwilizasiýaly kemala gelmezden has öň demirgazyk owgan derýalary bilen birlikde bu ýerlerden akan gadymy Amyderýadan alan bolmagy mümkin diýip çaklasa bolar. Önuň çökündileriniň seljermelerinden çen tutsaň, çöketlik ençeme gezek kä köl, käte gury oý bolupdyr, ady welin biziň günlerimize çenli saklanyp galypdyr.

Sarygamyş sözüniň gelip çykyşy barada her hili çaklama bar.Köpugurly maglumathanalarda, elbetde, onuň sözme-söz terjimesi agdyklyk edýär, ýöne olar her dürli many berýär.Botanika bilen baglanyşdyrylan atlarynyň içinde kuwşinka, sogangül, sarykök atlary agzalýar. Şeýle hem onuň erän garyň üstüni açan geçen ýylky gurap galan ösümlikleri göz öňünde tutulyp, ir bahar ýa-da güne ýanan toprak many-da, sary sähra many berýän bolmagam ähtimaldyr.

Internetde balyklar bilen baglanşykly sary balyk, sterlýad köli diýip çaklama aýdyldy. Altyn-sterlýad assosiatiw baglanşygy göz öňünde tutsaň belki, ol gyzyl balyklar köli bolaýmasyn?! Amyderýada ýer ýüzünde gyzylbalyklaryň iň gadymy wekili -- uly we kiçi pilburunlar bar ahyry!

Arheologiýa babatda agaç göwre we astronomiýada ýyldyz ady duş gelýär. Fizika-geografiýa çäkden suwuk, akýan, guýmak manylary bar. Başyň aýlanyp gidýär, ýöne ornitologiýa bilen baglanşykly çaklamasy ýüze çykansoň, uludan dem aldyk! Işmek (belki, höwürtgedir), ýumurtga sarysy, şeýle hem guşlar şasy bürgüt, weda adalgalaryna görä, duýdansyz ýerden gyrgy adasy diýen çaklamalar hem bar! Ýöne onuň semantiki gözleglerini bes etmeli bolduk...

Owadan jülge, owunjak tolkunlyja köl we derekdir beýleki ösümlikler ösüp oturan ada göründi, guşlar üçin tüýs jenneti mekan-da! Çemenli arnalarda - bedeneler, gamyşlaryň arasynda sakarbaraklardyr kaşykburunlar kändi, olaryň eteginde tersaýaklaryň, jübtünler we ördekler hysyrdaşsa, ýaşajyk agaçlaryň ýokarky pürleriniň arasynda kepderiler we hüwiler göze ilýärdi, köpsanly serçeler toparyndan guşlar, olardan belentde bolsa gyrgylar gaýmalap ýördi.

Bedeneleri halaýanlygy sebäpli bedeneçi gyrgy diýlen, ülkämizde elguş hökmünde hem ulanylýan garçygaýlar, laçynlardyr gujurly bürgütler hem köpdi, olar sýurrealizm kysmy suratlaryň dartgynly ýordumynda beýan edilerine mynasypdyrlar.

Sarygamyş pikir edişim ýaly ekeni.Kölüň ýaňy döräp ugran gür ösümlikli kenarlary we adajyklary, olaryň arasyndaky suwly uly ýerler hem-de ýalpaklyklar guşlardan doludy.Biz onuň günorta-gündogar kenaryndan 6 kilometr ýol geçenimizde guşlaryň 59 görnüşinden 1226-syna gabat geldik.

Kenarýaka zolakda ownuk serçeler, sülgünler we owadan tautylar ylalaşykly ýaşaýardylar.Uly kölde we adalarynyň arasyndaky suwlarda uly tersaýak ördeker, alagazlar, gyzylburun çümüjiler we göçde yza galan ýasyburun we hüžžük çümgül ördekler ýüzüşip ýördi.

Adalarda uly jübtünler höwürtge edinip, ýumurtga basýardylar, ýalpaklyklarda çypar hokgarlar, sakarbaraklar, gyzylinjikler, kiçi, deňiz we galyňçüňk kebezler, giç galan demirgazyk kebezi, gara we gyzyl petekeliler, göwresi kiçi bolansoň şeýle artlandyrylan serçe-çuluklar, ýakaly çuluklar, akar çeşme çuluklary, ulit çuluklary, gyzyl aýajykly çuluklar, ebekler, akguýruk gyzlarguşy we kenardaky ownuk daşlaryň arasyndan özüne iýmini aňsatlyk bilen tapýan daş dörüji çuluklar dynç alyp we iýmitlenip ýördüler.

Olardan çarlaklardyr çertikler has kändi. Aýtratynam ilkinji gezek Türkmenistana baryp 1977-nji ýylda gelen garabaş çarlaklaryň üçüsiniň we biziň suwlarymyzda seýrek duşýan gara çirikleriň jübütine gabat gelenimze begendik. Guşlaryň arasynda köl çarlaklary we deňiz kepderileri, baýguşlar, şeýle hem derýä, kiçi çirikler hem erkana gezip ýördi.

Ýalpakda dynç alyp oturan akganat çirikleriň 664-si süri bolup, asmana galanlarynda uçýan uçary ýada salýardy. Men Hazarda we ýurdumyzyň beýleki howdanlarynda müňläp gülegen çarlaga, deňiz kepderilerine, çerrikleriň dürli görnüşlerine gabat gelsemem, bu guşlaryň bir ýerde şeýle köp üýşen ýerine duşmandym.

Oba we kenar garlaşwaçlary suw üstünde, gury ýerde ýaşyl daraklyklar gaýmalýardy, oý ýerlerde, çowdum agaçlaryň we otlaryň arasynda torgaýlar, geçiguşlar, jakjakylar, çekeýikler, sarlar, aldawaçlar, girrikler, hekgeler, çöl gargalary we ikatýoklar gezmeleşýärdi. Hemmesinden ýokarda-da awyny gözläp batga gulatylary we göwelgeler pyrlanýardylar. Çölde suw, iýmitinden alýan nemi bilen oňýan, gum şertlerine has uýgunlaşan eromofillerden gaýry ähli janly-jandara zerur.

Biz ujy inçe aýlagyň asyl kenaryna urýan, gündogardan günbatara 7 kilometre golaý ýere uzap, derýanyň gowy saklanyp galan gadymy hanasyna, häzirki Mergenaşan oýuna geldik.

Ýene degişli makalalar

Türkmen tebigatynyň gözellik dünýäsine syýahat: Sarygamyş köli
Çöllük ýerleri özleşdirmek meseleleri we daşary ýurtlarda geçirilen ylmy barlaglara syn pudaklaýyn žurnalyň sahypalarynda beýanyny tapdy
'Altyn Asyr' türkmen köli taslamasy näme üçin şowsuz boldy?
14.09.2018 | “Amul — Hazar 2018” rallisiniň dördünji tapgyry geçildi