Türkmen tebigatynyň gözelligi

Ýurdumyzda hemişelik ýa-da wagtlaýyn mesgen tutunýan dürli janly-jandarlaryň ýüzlerçe görnüşi bar.Olaryň arasynda guşlaryň hem köp sanlysy duş gelýär. Şeýle guşlaryň biri hem jüýje-ýelbelerdir.

Güneşe baý ýurdymyzda duş gelýän bu guşlar daşky gözelligi bilen üns çekýär.Jüýje-ýelbeleriň bedeni kiçi suw towugynyňky ýalyrak bolup, böwürleri kese ala çyzykly, umumy reňki goýy-goňur, arkasy açyk çal tegmillidir.

Guýrugynyň we bedeniniň aşagy gara-ak zolakly bolup, ol döşüniň aşaky bölegine çenli ýetýär.Bu guşlaryň uçmaga ýaramly bolanlarynda ganatlarynyň gyrasynda insiz ak çyzyklar peýda bolýar.Inçeden gysga çünküniň düýbi ýaşylymtyl reňkli, aýaklary bolsa sarymtyl reňke eýedir.

Bedeniniň kiçi, çüňkleriniň düýbüniň ýaşyl, böwrüniň ýiti zolakly bolmagy, aýaklarynyň sarymtyl, ýakyn aralyklardan asmana göterilenlerinde ýelekleriniň daşky ýelpawaçlarynyň akdygy bu eýjejik guşlary örän owadan edip görkezýär.

Bu guşlar Afrikada, Awstraliýada, Merkezi Aziýada esasanda Türkmenistanyň derýalarynyň jülgelerinde, Amyderýanyň kenar ýakalarynda, Köýtendagyň eteklerinde duş gelinýär.Olar ala baharda we güýzde uçup geçýärler.Türkmenistanyň ösümliklere baý köllerinde mesgen tutunyp, mör-möjekler, balykgulaklar, gurçuklar, seýrek suw ösümlikleriň tohumlary bilen iýmitlenýärler.

Köplenç ýagdaýda iňrik garalanda we gijelerinde işjeň häsiýete eýe bolýarlar.Maý-iýun aýlarynda höwürtgeläp, 6-9 sany gyzylymtyl çypar menekli sarymtyl, goňur reňkli ýumurtga taşlaýarlar.

Sähra Saýidaliýewa, Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni.

Ýene degişli makalalar

USAID we Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy Türkmenistanyň Inçekesele garşy göreşmek we öňüni almak boýunça milli maksatnamasyna baha berýär
Eýran bilen Türkmenistan giňişleýin ulag resminamasyny taýýarlaýarlar
Türkmen wekiliýeti Döwletmämmet Azadynyň we Magtymguly Pyragynyň aramgähine zyýarat etdi
Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýük daşamalary ösdürmek boýunça kärhana dörederler
Ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi
Türkmenistanda ýazky at çapyşyk möwsümine badalga berildi