Türkmen tebigatynyň gözelligi

Türkmen tebigatynyň gözelligi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ata Salyh adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Gökderedäki Beýik Serdar nesilleri çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli Türkmen tebigatynyň gözelligi ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde häzirki wagtda ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryny gorap saklamak, rejeli peýdalanmak, tokaý zolaklary barada ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz edilýändigi, bu bolsa ýaşlarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek bilen, işleri ýola goýmaga, tebigatdan peýdalanmaga täze mümkinçilikleriň döredilýändigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle-de ýaşlar geljekde durmuşa geçirjek işlerini tebigat bilen sazlaşykly alyp barmagy, tebigy baýlyklary gorap saklamak babatda uly tagallalaryň edilýändigini belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda tebigatymyzy gözelleşdirmekde, daşky gurşawymyzy aýawly saklamak ugrynda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Sportsagdyn ýaşaýşa gönezlik
BAGTYÝAR NESILLERDE BAGTLY PURSATLAR
GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY ATLY KITABY ESASYNDA
HALK DÖREDIJILIGITERBIÝÄNIŇ GÖZBAŞY
ÇAGALARYŇ TERBIÝESINDE ERTEKILERIŇ ÄHMIÝETI
Çagalar biziň ýagty geljegimizdir
Arzuwlan zamanaň geldi Pyragy, Milli medeniýetiň ösen zamany