Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň guramagynda çüli ýaýlasynda Türkmen tebigatynyň gözelligi atly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde Eziz Watanymyzda tebigy baýlygyny we gözelligini aýawly saklamak, ony geljek nesillerimize ýetirmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, türkmen halky asyrlaryň dowamynda tebigata sarpa goýmak, onuň baýlyklaryny aýawly saklamak, paýhasly ulanmaklygy nesilden-nesile geçip gelýär.
Tebigat bu biziň dem alýan howamyz, hasyl alýan topragymyz bolup, ol biziň saglygymyzyň we maddy durmuşymyzyň çeşmesi bolup durýandygy barada giňişleýin söhbet etdiler.
Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.