Türkmen metbugaty Aşgabatda bu ýylyň teatr möwsüminiň “uzak garaşdyran premýeralar we tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan oýunlar bilen açylandygyny” habar berýär.
“Türkmenistan: Altyn asyr” saýtynyň maglumatyna görä, ýurduň baş drama teatrynda möwsüm Gorkut ata“ eposy esasynda goýlan we tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan Däli Domrul“ oýny bilen açyldy.
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky Milli drama teatry möwsümi dünýä belli gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň Elwan ýaglykly serwim“ atly powesti esasynda goýlan adybir eser bilen açsa, A.S. Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary öz 91-nji teatr möwsümini türk dramaturgy Reşat Nuri Güntekiniň Amanat giýew“ atly adybir sahna oýny bilen açypdyr.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky sazly drama teatrynda möwsüm Ynam, umyt, söýgi“ atly oýun bilen açylan bolsa, Döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Arşyn mal alana“ oýny bilen ulularyň we çagalaryň göwnüni awlamagy başardy diýip, resmi metbugat habar berýär.
Emma ýerli synçylar türkmen teatrlarynyň berk senzura astynda işlemeli bolýandygyny we şu sebäpden hakyky eserleriň sahnalaşdyrylmaýandygyny, türkmen teatrynyň tomaşaçylaryny doly diýen ýaly ýitirendigini aýdýarlar.
Azatlyk radiosy täze teatr möwsümi bilen baglylykda ýerli ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.
Türkmen teatry senzura astynda, döwlet hasabyna we zyýanyna işleýär
Embed code
Copy and paste the embed code below.
The code has been copied to your clipboard.
https://www.azathabar.com/a/28775538.html
0:04:19
▶
0:00:00
/0:04:19
▶
Ýükle
64 kbps | MP3
Pop-out player