Tatarystanyň paýtagtynda indiki ýylyň tomsunda uly teatr çäresi - Türki halklaryň Nowruz-2025 atly XVII halkara festiwaly geçiriler. 2025-nji ýylyň 9-22-nji iýun aralygynda geçiriljek festiwal Türkmenistandan we beýleki Merkezi Aziýa ýurtlaryndan teatr toparlarynyň gatnaşmagy üçin öz gapylaryny giňden açýar.
Festiwalyň guramaçylary şu ýylyň 20-nji dekabryndan başlap ýüz tutmalary kabul etmäge girişýär. Türkmenistanyň teatr toparlary, şeýle hem Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň we Russiýanyň milli respublikalarynyň teatr toparlary 1-nji fewrala çenli festiwala gatnaşmak barada öz ýüz tutmalaryny tabşyryp bilerler.
Festiwalyň türki dilli halklaryň teatr däpleriniň baý dürlüligini görkezjek müňden gowrak gatnaşyjyny jemlemekligine garaşylýar.
Festiwal we oňa gatnaşmagyň şertleri baradaky ähli jikme-jik maglumatlary resmi saýtdan tapyp bolýar: https://kamalteatr.ru/projects/nauruz/xvi-mezhdunarodnyy-teatralnyy-festival-nauruz-2025/.