Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda muzeý işini, muzeýleriň işiniň ösdürilmegini goldamak boýunça kabul edilen Medeniýet hakynda we Muzeýler we muzeý işi hakynda Türkmenistanyň Kanunlary uly ähmiýete eýedir.
Häzirki däwürde arheologik tapyndylary öwrenmekde, rejelemekde we muzeýleşdirmekde, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda, ylmy taýdan öwrenmekde we wagyz etmekde alnyp barylýan işler, daşary ýurtly hünärmenler bilen bilelikde ýerine ýetirilýän taslamalar uly üstünliklere beslenýär.
Türkmenistanda muzeý işini ösdürmek we muzeýleriň halkymyzyň medeni durmuşyndaky ähmiýetini ýokarlandyrmak hem-de ýurdumyzda muzeý işiniň kämilleşdirilmegine aýratyn üns bermek maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň muzeýleriniň taryhyny öwrenmegi we muzeý işini kämil usullarda guramagy wezipe edip goýdy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, 2009-njy ýylyň 14-nji maýyndan Türkmenistanyň Milli muzeýi Türkmenistanyň Baş milli muzeýi ady bilen hereket edip başlaýar.
2009-njy ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Baş milli muzeýiniň Etnografiýa we ülkäni öwreniş muzeýiniň, 2009-njy ýylyň 29-njy iýunynda bolsa Türkmenistanyň Prezidentiniň muzeýiniň dabaraly açylyşy boldy.Soňky ýyllaryň içinde ähli welaýat merkezlerinde ýerli şertler boýunça alnanda iň uly we döwrebap, muzeý işini guramak we alyp barmak üçin niýetlenilen ýörite kaşaň binalar gurlup, ulanylmaga tabşyryldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň döredilmegi we onuň ýurdumyzyň ylmy-medeni durmuşyndaky orny ýurdumyzyň Garaşsyzlygyna eýe bolmagy bilen berk baglanyşyklydyr.Türkmen halkynyň baý medeni mirasyny ýüze çykarmak, öwrenmek, goramak, saklamak we gaýtalanmaýan bu mirasy ýaýratmak boýunça ägirt uly işler kesgitlenildi.
Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň Baş Maksatnamasyna laýyklykda Diýarymyzda durmuş-medeni edaralara degişli bolan desgalaryň giň toplumy gurulýar.Diýarymyzda muzeýleriň täze binalarynyň gurulmagy döwletimiziň medeni mirasyny gorap saklamak üçin zerur şertleriň döredilýändigine şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda ýerleşýän baş muzeýleriň biri bolan Türkmenistanyň Döwlet muzeýi köpugurly muzeý bolmak bilen, onuň muzeý gaznasy örän baý we muzeý gymmatlyklarynyň gaýtalanmajak nusgalaryna eýedir.Gadymy türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikler bar.
Nusaý, Köneürgenç, Gadymy Merw, Gadymy Dehistan, Kerki, Abiwerd, Köne Sarahs we Gökdepe galasy döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edilen özboluşly muzeýlerdir.Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň ýadygärlikleri bolsa ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.
Oguljemal HOJAKGAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň taryh ylmy barlag bölüminiň müdiriniň orunbasary.