Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan Bilelikdäki Komissiýasynyň türkmen tarapynyň düzümi tassyklandy. Bu hakynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisinde degişli karara gol çekdi diýip türkmen telewideniýesiniň Watan habarlar gepleşigi maglumat berýär.
Resminama gol çekip, döwlet Baştutany bu Komissiýanyň esasy ulag we logistika taslamalaryny durmuşa geçirmekde, iki ýurduň üstaşyr we eksport mümkinçiliklerini artdyrmakda, işewür toparlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary, şeýle-de türkmen we azerbaýjan halklarynyň dostlugyny hem-de doganlygyny berkitmekde möhüm ornuny belledi.
Ýeri gelende bellesek, Ulag, üstaşyr we logistika meseleleri boýunça türkmen-azerbaýjan Bilelikdäki Komissiýasyny döretmek boýunça Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga 2018-nji 28-nji noýabrynda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Alyýewiň Aşgabada bolan saparynda gol çekildi.