Türkmen talyplary Rumyniýada önümçilik tejribeligini geçýärler

Türkmen talyplary Rumyniýada önümçilik tejribeligini geçýärler

Şu günler Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarydyr talyplary Rumyniýanyň Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň, Tenaris, Bosch hem-de Emerson-Cluj halkara kompaniýalarynyň okuw-önümçilik tejribehanalarynda önümçilik tejribeligini geçýärler. Onuň maksady telekommunikasiýalar we maglumat tehnologiýalary boýunça öňdebaryjy halkara tejribäni ýaş hünärmenler bilen paýlaşmakdan, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, bu ýokary okuw mekdebi Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersiteti bilen 2019-njy ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýär. Uniwersitet dünýä belli Tenaris, Bosch, Emerson-Cluj kompaniýalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklap, talyp ýaşlary olaryň önümçilik tejribesi bilen tanyşdyrýar.

Önümçilik tejribeliginiň meýilnamasyna laýyklykda, oňa gatnaşyjylar ady agzalan kompaniýalaryň myhmany bolup, olaryň alyp barýan işleri bilen tanyşdylar. Mugallymlar we talyplar önümçilik tejribeliginiň üsti bilen programmalaşdyrma serişdelerini, telekommunikasiýa torlaryny we sanly geçiriş ulgamlaryny gurnamagyň ýörelgeleri, hyzmatlary hödürlemegiň aýratynlyklary, bu babatda ulanylýan tehnologiýalar, kompýuter programmalary babatdaky bilimlerini baýlaşdyrýarlar.

Okuw saparynyň çäklerinde Kluž-Napoka şäheriniň Tehniki uniwersitetiniň professor-mugallymlary we hünärmenleri bilen duşuşyk geçirildi. Bu ýokary okuw mekdebiniň önümçilik tejribehanalaryna, institutlaryna guralan gezelençler olarda ýakymly täsir galdyrdy. Türkmenistanly ýaşlar hem, öz gezeginde, nazary bilimlerini, tejribelerini ýerli wekiller bilen paýlaşdylar.

Şeýle hem türkmen wekiliýeti Tenaris, Bosch we Emerson-Cluj kompaniýalarynyň wekilleri bilen geçiren duşuşyklarynda hyzmatdaş tarapyň hünärmenlerine Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar — Watanyň daýanjy, Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaplaryny sowgat hökmünde berdiler. Gündogaryň beýik akyldary hem-de nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň iňlis dilindäki goşgular ýygyndysy bolsa rumyn hünärmenleri tarapyndan türkmen wekiliýetine berlen ajaýyp sowgat boldy.

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymlarydyr talyplarynyň Rumyniýada geçýän önümçilik tejribeligi üç hepde dowam eder diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy kiçi futbol boýunça talyplaryň arasynda ýaryş gurnady
27 ýaşynda kuboksyz gelipdi, 27-nji kubogyny asmana göterdi
Türkmen toparlarynyň bäşisine AFK-nyň ygryýarnamalary berildi
Kilian Mbappe Real Madride geçdi
Türkmenistan AFK-nyň klublaýyn reýtinginde 19-njy orny eýeleýär
Robbo Klub bilen robototehnika we IT programmirleme dünýäsine aralaşyň