Türkmen talyplary MagistriUm olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmen talyplary MagistriUm olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň sekizisi Kazan Federal uniwersitetiniň (Kazan ş, Russiýa Federasiýasy) geçiren MagistriUm olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, kümüş medala mynasyp boldular.

Türkmenistan: Altyn asyr web saýtynyň habar bermegine görä, MagistriUm olimpiadasynyň filologiýa ugrundan ikinji (jemleýji) tapgyrynyň netijesi boýunça Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary ikinji orny eýelediler.

Olimpiadada Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyndan Laçyn Şamuhammedowa, Eziz Mollaýew, Bahar Töräýewa, Aýgül Çaryýewa we Aýgül Taganowa dagy Filologiýa tapgyrynyň derslerini okatmagyň taglymaty we usulýeti ugrundan iňlis dili we edebiýaty boýunça tapawutlandylar. Bu ýokary okuw mekdebiniň talyby Bibimerýem Usmanowa Gündogary öwreniş ugrundan çykyş edip, arap dili boýunça gowy taýýarlygyny görkezdi.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Gurbansoltan Rejebowa bilen Ýaran Hudaýberdiýew bäsleşigiň Global Governance and Leadership: Languages and culture (Ählumumy dolandyryş we liderlik: Diller hem-de medeniýet) ugrundan baýrakly ikinji orny eýelediler.

MagistriUm olimpiadasy rus we iňlis dillerinde geçirilip, oňa dünýäniň birnäçe ýurdundan müňe golaý talyp gatnaşdy.

Intellektual bäsleşik ugurlaryň köpüsini öz içine alyp, oňa gatnaşýanlara bilimiň matematika, himiýa, biologiýa, ekologiýa, informatika, fizika, taryh we beýleki ugrularynda bilimini görkezmäge mümkinçilik berýär.

Belläp geçsek, MagistriUm her ýyl bakalawr taýýarlygyndan (3-4-nji ýyl) spesilaitet (4-5-nji ýyl) ugurlaryndan soňky ýyl okaýan we Russiýa Federasiýasy sebitleriniň hem-de okuwyny magistratura maksatnamasy boýunça Russiýanyň ýokary okuw mekdebinde we onuň düzümlerinde dowam etmek isleýänler üçin her ýyl geçirilýän olimpiadadyr. Olimpiadanyň ýeňijileriniň we onda baýrakly orunlary eýelänleriň gazanan netijeleri giriş synaglarynda göz öňünde tutulýar.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Aýratyn zehinli çagalar mekdep-internatynyň okuwçylary geometriýa boýunça halkara olimpiadada baýrakly orun eýelediler