Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda köp sanly medallary gazandylar

Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda köp sanly medallary gazandylar

Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 2021-nji ýylyň 12-14-nji noýabry aralygynda Polşa Respublikasynyň Katowise şäherindäki Sileziýa uniwersiteti tarapyndan geçirilen Halkara matematika internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş edip, ýokary netijeleri gazandylar.

Halkara matematika internet olimpiadasy Bangladeş Respublikasy, Polşa, Çehiýa, Russiýa Federasiýasy, Indoneziýa, Türkmenistan ýaly birnäçe döwletden 50 sany ýokary okuw mekdebiň toparlaryna wekilçilik eden 300-den gowrak talybyň gatnaşmagynda geçdi.

Oňa Türkmenistandan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplaryndan düzülen toparlar gatnaşdy.

Halkara matematika internet olimpiadasynda türkmen talyplary baýrakly orunlaryň 53-isine, ýagny 13-üsi birinji orna, 17-isi ikinji orna, 23-üsi üçünji orna, şeýle-de, 10 sany höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Hususan-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary jemi 19 baýrakly orna, şol sanda 4 sany 1-nji orna, 7 sany 2-nji orna, 8 sany 3-nji orna we 1 sany höweslendiriji baýraga;

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary jemi 12 baýrakly orna, şol sanda 2 sany 1-nji orna, 4 sany 2-nji orna, 6 sany 3-nji orna; Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary jemi 6 baýrakly orna, şol sanda 3 sany 1-nji orna, 1 sany 2-nji orna, 2 sany 3-nji orna; Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary jemi 5 baýrakly orna, şol sanda 2 sany 1-nji orna, 1 sany 2-nji orna, 2 sany 3-nji orna; Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary jemi 3 baýrakly orna, şol sanda 1 sany 1-nji orna, 2 sany 2-nji orna; Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary jemi 4 baýrakly orna, şol sanda 1 sany 1-nji orna, 3 sany 3-nji orna; Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary 1 sany 2-nji orna, şeýle-de 4 sany höweslendiriji baýraga; Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň talyplary 1 sany 2-nji orna, 1 sany 3-nji orna, şeýle-de 3 sany höweslendiriji baýraga; Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyplary 1 sany 3-nji orna, şeýle-de 2 sany höweslendiriji baýraga mynasyp boldular.

Bäsleşigiň arzyly birinji ornuna we altyn medalyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary Murat Sapaýew, Resul Şamuhammedow, Eziz Saparow, Sähragül Garlyýewa, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplary Oguldöndi Gulyýewa, Muhammetnur Bagbekow,Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary Jepbar Asgarow, Kadyrberdi Annabaýew, Muhammetmyrat Goçmyradow, Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň talyplary Gurt Döwletow, Muhammet Annaýew, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Ramazan Nurýagdyýew, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby Gözel Mämmedowa dagy mynasyp boldular.

Mundan başga-da, halkara matematika internet olimpiadasynda toparlaýyn bäsleşik geçirilip, onda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti toparlaýyn esasda 1 sany I orna, 3 sany II orna mynasyp boldy.

Belläp geçsek, soňky ýyllarda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde bilim alýan talyp ýaşlar milli hem-de halkara derejesinde geçirilýän olimpiadalarda, ylym-bilim, döredijilik bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edýärler. Ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň gazanýan üstünlikleri Türkmenistanda bilim ulgamynyň düýpli ösdürilýändigine, bu ugurda alnyp barylýan işleriň öz oňyn netijesini berýändigine şaýatlyk edýär.

16-njy noýabrda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen güni mynasybetli ýurduň öňdebaryjy ýaşlaryň 62-sine Ýaşlar baýragy gowşuryldy. Bu baýraga Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyplarynyň 3-si hem mynasyp boldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.03.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
25.09.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy