Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplar topary Birleşen Arap Emirliklerine okuw saparyny amala aşyrdylar. BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy hem-de Anwar Gargaş adyndaky Diplomatiýa akademiýasy tarapyndan bilelikde guralan bilim maksatnamasynyň çäginde geljekki türkmen diplomatlary Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) baş edarasyna baryp gördüler. Bu barada BAE-niň Türkmenistandaky ilçihanasy habar berdi.
Saparyň dowamynda talyplary ADNOC-yň ýokary derejeli ýolbaşçylary: iş üpjünçilik strategiýasy, zehinleri we netijeliligi dolandyrmak boýunça ýerine ýetiriji wize-prezidenti Aýşa Al Hammadi hem-de kompaniýanyň işgärler düzüminiň ösüşi boýunça uly wise-prezidenti Sultan Al-Gaýti mähirli garşyladylar. Duşuşyga BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al Hameli hem gatnaşdy.
Saparyň dowamynda talyplar dünýäniň iň uly energetika kompaniýalarynyň biriniň işleri bilen tanyşmaga we tejribeli hünärmenler bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçilik aldylar. Duşuşyk tejribe alyşmak hem-de Türkmenistan bilen BAE-niň arasynda energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm platforma bolup hyzmat etdi.
Türkmen talyplary üçin işlenip düzülen okuw meýilnamasy diňe bir kompaniýalara we döwlet edaralaryna baryp görmegi däl, eýsem, BAE-niň taryhy we däp-dessurlary bilen tanyşmaga gönükdirilen medeni çäreleri hem öz içine aldy. Bäş gün dowam eden maksatnama ýaş diplomatlara gözýetimlerini giňeltmek we geljekki hünärlerinde peýdaly boljak amaly bilimleri almak üçin ajaýyp mümkinçilik boldy.