Türkmen talyby R.M.Glier adyndaky VII Halkara saz bäsleşiginde birinji derejeli diploma mynasyp boldy

Türkmen talyby R.M.Glier adyndaky VII Halkara saz bäsleşiginde birinji derejeli diploma mynasyp boldy

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň saz gurallary kafedrasynyň 5-nji ýyl talyby Annaoraz Döwletow R.M.Glier adyndaky VII Halkara saz bäsleşiginde wiolonçel hünäri boýunça 20-25 ýaş aralygyndaky kategoriýada birinji derejeli diploma mynasyp bolmagy başardy.

Annaoraz Döwletow bäsleşikde Nury Halmämedowyň Şygyr we Dawid Popperiň wiolonçel we fortepiano üçin wenger rapsodiýasyny ýerine ýetirdi.

2017-nji ýyldan bäri her ýyl Reýngold Moritsewiç Glieriň hormatyna Moskwada Glieriň güýzi ady bilen geçirilýän ýaş ýerine ýetirijiler üçin bäsleşik şu ýyl 15-nji noýabrdan 1-nji dekabr aralygynda geçirildi.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň mugallymy Ýusupgeldi Gandymowa hem-de konsertmeýsteri Jennet Hudaýgulyýewa hem Annaoraz Döwletowy üstünlikli taýýarlandygy üçin Halkara bäsleşik şahadatnamalary gowşuryldy.

Belläp geçsek, Reýngold Moritsewiç Glier — Türkmenistanyň hünär kompozisiýa mekdebiniň döremegine uly täsir eden meşhur sazanda, rus we sowet kompozitory, dirižýor, mugallym, saz we jemgyýetçilik işgäridir. Şeýlelik bilen ol 1935-1936-njy ýyllarda Aşgabatda bolup, bu ýerde ýaş sazandalary diňledi.

Onuň teklibi boýunça, iň zehinli, geljekki kompozitorlar we sazandalar: Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, Hydyr Allanurow, Annagül Annagulyýewa, Maýa Kulyýewa we başgalar P.I Çaýkowski adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölüminde okamaga iberildi we hünär bilimini aldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Reňkleri dillendiren ussat
Taryhda şu gün
Ökje jaýrylmasynyň tebigy bejergi usullary
Putin we Szinpin G20-ligiň maslahatyna gatnaşar
Spiegel: Şolsuň goňşulary zibil gutudan G7-ligiň gizlin resminamalaryny tapdylar