Türkmen talyby Maliýe howpsuzlygy boýunça III halkara olimpiadada II derejeli diploma mynasyp boldy

Türkmen talyby Maliýe howpsuzlygy boýunça III halkara olimpiadada II derejeli diploma mynasyp boldy

2023-nji ýylyň 2-6-njy oktýabrynda Soçi şaherinde Maliýe howpsuzlygy boýunça III halkara olimpiada geçirildi. O.A.Ýastrebowyň başlyklyk etmegine geçirilen halkara olimpiada Russiýa Federasiýasynyň Maliýe ministrliginiň hemaýat bermeginde guraldy. Oňa 20 ýurtdan, esasanam, GDA agza döwletlerden talyplar gatnaşdylar.

Maliýe howpsuzlygy boýunça III halkara olimpiadada Türkmenistana wekilçilik eden, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyby Meýlis Hojamyradow olimpiadanyň ähli tapgyrlaryna üstünlikli gatnaşyp, II derejeli diploma mynasyp bolmagy başardy.

Ýeri gelende ýatlatsak, 2022-nji ýylda geçirilen Maliýe howpsuzlygy boýunça II halkara olimpiadada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Baýnazar Nepesow Halkara gatnaşyklary ugry boýunça 1-nji orna mynasyp bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmeniň Altyn asyry atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijileri mälim edildi
Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Tanyş boluň! Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan ýaşlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň halk bagşysy Orazgeldi Ylýasowyň 90 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi