Türkmen talyby halkara bäsleşikde üstünlik gazandy

Türkmen talyby halkara bäsleşikde üstünlik gazandy

Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň 4-nji ýyl talyby Akbar Kamalow Latwiýa döwletinde üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallarynda ýerine ýetirilen işler boýunça ýaşlaryň arasynda geçirilen III halkara bäsleşiginde üstünlik gazanyp, tapawutlanan 2-nji derejeli diploma eýe boldy.

Edebiýat we sungat gazetinde habar berlişi ýaly, Wind Stars ady bilen geçirilen bu halkara bäsleşigine türkmen talyby çalan sazlarynyň wideo ýazgysy bilen gatnaşdy. Bäsleşik üçin talyp ýigit ksilofon saz guralynda Nury Halmämmedowyň Sonetler we Pablo de Sarasateniň Sygan nagmalary atly saz eserlerini ýerine ýetirdi.

Bäsleşigiň emin agzalary Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Kamil Allamowyň we Dilaram Ahmedowanyň şägirdi Akbar Kamalowyň ýerine ýetiriş ukybyna ýokary baha berip, onuň çalmasy çylşyrymly bolan ksilofon saz guralynda hereketleriniň çeýedigini nygtadylar.

Nobatdaky üstünlik türkmen talybynyň şeýle ýokary derejedäki halkara bäsleşiginde gazanan ilkinji üstünligidir.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly Garlyýew adyndaky Daşoguz welaýat ýörite sungat mekdebiniň konserti
Alymlar gen redaktirleme tehnologiýasyny ulanmaklyk arkaly, düwnük keseliniň täze bejergi usulyny tapdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen...
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy
Çagalar teatr studiýasy Redýard Kiplingiň ertekisini özboluşly sahnalaşdyrdy