Türkmen tälimçileri Halkara Olimpiýa komiteti, Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti, Halkara tennis federasiýasy (ITF) we Türkmenistanyň Tennis federasiýasy tarapyndan sportuň tennis görnüşi boýunça tälimçiler üçin gurnalan seminara gatnaşýarlar. HTF (ITF) Akademiýasynyň çeşmelerinden peýdalanmak bilen geçirilýän bu seminara Daşoguz, Mary, Lebap welaýatlaryndan hem-de Aşgabat şäherlerinden 30 töweregi tälimçi gatnaşýar.
5-nji oktýabra çenli dowam etjek seminaryň esasy maksady milli tennis tälimçileriniň bilimlerini artdyrmak, eminlik we HTF-niň (ITF) okuwynyň täze düzgünleri bilen tanyşdyrmak bolup durýar.
Okuwyň birinji gününde Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy- Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Baş kätibi A.Myradow, TTF-niň baş kätibi E.Dowletow, Türkmenistanyň MOK-niň sport bölüminiň başlygy M.Gokow seminary açyp oňa gatnaşyjylara üstünlik arzuw etdiler.
Esasy sapaklary (leksiýalary) Türkmenistanyň halkara derejesindäki tälimçisi A.Dowmatow, tälimçi A. Kornilow alyp bardy. "Sportda doping meselesi" atly mowzuk bilen Türkmenistanyň dopinge garşy göreş barada Milli agentliginiň başlygy R.Çarýew çykyş etdi.
Seminaryň soňunda synagdan üstünlikli geçen ähli tälimçiler Halkara tennis federasiýasynyň tälimçiniň derejesini tassyklaýan şahadatnamasyny alarlar. Şeýle hem, Halkara Olimpiýa komiteti tarapyndan gatnaşyjynyň şahadatnamasyny alarlar.