Türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi

16-njy oktýabrda paýtagtymyzda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary S.Ziýozodanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Aşgabada geldi.

Bilelikdäki toparyň gün tertibine söwda-ykdysady gatnaşyklaryň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, özara bähbitli hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak, söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, maýa goýum işini işjeňleşdirmek, täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.

Energetika pudagy, ulag we logistika, oba hojalygy, senagat geljegi uly ugurlaryň hataryndadyr.Işewür düzümleriň ugry boýunça netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda-da uly mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.Bilelikdäki ugurdaş çäreleriň yzygiderli geçirilmegi munuň üçin şertleri döredýär.

Mejlise gatnaşyjylar uzak möhletleýin esasda ykdysady hyzmatdaşlygy ilerletmegiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamagyň möhümdigini nygtadylar.Häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, ylmy-tehniki ulgamda, öňdebaryjy tehnologiýalarydyr innowasiýalary ornaşdyrmak, bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolýar.

Ynsanperwer gatnaşyklary, şol sanda ylym-bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berildi. Täjigistan Respublikasynyň Hatlon welaýatynyň Dusti etrabynyň Ergeş Sultanow daýhan birleşiginde Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdebiň gurlup ulanmaga berilmegi taryhy taýdan özara baglanyşýan iki halkyň doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklarynyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistan bilen Täjigistan medeni ulgamda hem netijeli hyzmatdaşlyk edýärler.Medeniýet günleriniň we beýleki döredijilik çäreleriniň geçirilmegi munuň aýdyň güwäsidir. Şu ýyl dostlukly döwletiň wekilleri Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilen dürli çärelere gatnaşdylar.

Prezident Emomali Rahmon şanly senä bagyşlanyp, 11-nji oktýabrda geçirilen Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara foruma gatnaşmak üçin paýtagtymyza sapar bilen geldi. Şunuň bilen baglylykda, Täjigistanda hem Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan çäreleriň geçirilendigi bellärliklidir. Şeýle hem saglygy goraýyş, sport ulgamlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin oňyn mümkinçilikleriň bardygy aýdyldy.

Ýurtlaryň özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmegi maksat edinýändigini, gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklap, mejlise gatnaşyjylar strategik häsiýete eýe bolan türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň täze many-mazmuna eýe bolup, geljekde hem üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Mejlisiň jemleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen Ilçihanasy Täjigistanda 540 orunlyk orta mekdebi gurdurar
Resmi habarlar
Türkmenistanda internede bagly bolmadyk milli tor dörediler, Aşgabady Moskwa ýa-da Sankt-Peterburg şäherleri bilen doganlaşdyrmak meýilleşdirilýär, GDA ýurtlarynda Täze ýylda nähili arzuw edýärler we beýleki habarlar
“Döwlet gurluşyk” HJ Täjigistanda orta mekdebiň binalar toplumyny gurar
Täjigistanda Magtymguly adyndaky umumybilim berýän orta mekdep gurlar
Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin Duşenbe şäheri bilen tanyşlyk çäresi guraldy