Türkmen suratkeşleri Turan halkara sungat baýragyna mynasyp boldular

Türkmen suratkeşleri Turan halkara sungat baýragyna mynasyp boldular

Altyn Ordanyň — Beýik Ulusyň esaslandyrylmagynyň 750 ýyllygy mynasybetli 2020-nji ýylda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultan şäherinde Turan-gazak suratkeşler Konsolidasiýasynyň halkara baýragyny almak ugrunda geçirilen bäsleşik sergisinde türkmen suratkeşleri Azat Myradow we Döwletgeldi Akyýew tapawutlanyp, Turan halkara sungat baýragyna mynasyp bolmagy başardylar. Bu barada Edebiýat we sungat gazetinde habar berilýär.

Bu sergi bäsleşigine Merkezi Aziýa ýurtlaryndan jemi 100-e golaý suratkeş öz döreden sungat eserleri bilen gatnaşdylar.Bäsleşigiň emin agzalary: Döwletgledi Akyýewiň eserleri durmuşyň iň derwaýys meselelerine esaslanýar, grafika eserleri döredijiligiň çuňňur mazmunyny hem-de pikirlerini açyp görkezmekde keşbiň we stiliň bitewüligi, milli äheňleri bilen tapawutlanýar diýip, öz pikirlerini beýan edýärler.

Azat Myradowyň bolsa içki erkinligi, ruhy özbaşdaklygy sazlaşdyrmagy başarýan, täzeçil pikirleri bilen özüne çekýän eserleri dünýägaraýşy we tematikasy boýunça özboluşlylygy bilen köpleriň ünsüni özüne çekýär.

Ýene degişli makalalar

BAGŞYNYŇ GYJAKÇY OGLY
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygyna gatnaşdy
Gazagystan ýurduň paýtagtynyň öňki Astana adyny dikeltdi
Gazagystanyň paýtagtynyň ady üýtgediler
Türkmen wekiliýeti GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşdy
Iň köp milletli orkestr
Türkmen wekiliýeti Nur-Sultanda geçiriljek GDA-nyň Medeni hyzmatdaşlyk geňeşiniň mejlisine gatnaşar