Türkmen suratkeşi, dünýäniň onlarça ýurdunda sergileri açylan Muhammet Aman Baga Moskwada, öz ýurdundan uzakda, 81 ýaşynda aradan çykdy. 1943-nji ýylda doglan we bäş ýaşynda ýetim galan geljekki hudožnik, aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow bilen bir ýetimler öýünde terbiýelenipdir.
Azatlyk radiosy 2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Moskwada, Hudožnikleriň Merkezi Öýünde “Günüň güýji” atly ýubileý sergisi açylanda hem Muhammet Aman Baganyň döredijiligi barada wideo çap etdi.
*Arhiw wideo
Ol şonda Azatlyga öz eserlerini ýürek bilen, hamala, öz gahrymanlarynyň holstlardaky kiçijik durmuşy bilen ýaşaýan ýaly bolup döredýändigini gürrüň beripdi.
Özi hakyndaky dokumental filmde gürrüň bermegine görä, Muhammet Aman Baga entek kiçijik oglanka, horezmli bir aýal tarapyndan ogullyga alynýar we soň köne Ürgenji köp küýsäp gezipdir.
Ol öz çeken suratlarynda elmydama aýal keşbini, çaga dogran, ýöne öz çagasyny hiç haçan görmedik enäniň keşbini, özüni ogullyga alan, kiçijik oglanyň açlykdan ölmeginiň öňüni alan, ony ekläp-saklan we ulaldan, adam eden aýalyň keşbini şekillendirýärdi.
Şeýle-de, Muhammet Aman Baga öz esasy işiniň daşyndan dürli filmlerde surata düşdi.
Azatlyk radiosy mundan öň, ýubileý sergisine gabat, ýaşuly hudožnigiň “Apa” ady bilen guralan sergisi hakynda hem wideo çap edipdi.
*Arhiw wideo
Muhammet Aman Baganyň işleri dürli ýyllarda dünýäniň onlarça ýurdunda, Ýaponiýanyň, ABŞ-nyň, Russiýanyň, Alžiriň, Germaniýanyň, Bolgariýanyň we beýleki döwletleriň muzeýlerinde görkezildi.
Redaksiýa Muhammet aganyň ýakynlaryna we muşdaklaryna çyn ýürekden gynanç bildirýär.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.