TÜRKMEN SURATKEŞI LEONARDO DA WINÇINIŇ PYNHAN ŞEKILLERINIŇ SYRYNY ÖWRENÝÄR

TÜRKMEN SURATKEŞI LEONARDO DA WINÇINIŇ PYNHAN ŞEKILLERINIŇ SYRYNY ÖWRENÝÄR

Nuriddin Burhanowiç Niýazow 1949-njy ýylda Lebap welaýatynda demirçi ussanyň maşgalasynda dünýä indi. Onuň çagalygynyň geçen ýeri bolan ata-enesiniň öýi owadan ýerde-Amyderýanyň kenarynda ýerleşýärdi. Tebigat gözelligi onuň döredijiligine täsir edipdir.

Ol 1967-nji ýylda Duşanbäniň çeperçilik ýörite orta mekdebine okuwa girdi, okan döwri Leonardo da Winçiniň döredijiligine imrigdi.Gysgaça aýdanymyzda ýaş zehinli ýigit onuň eserleriniň bendisi boldy. Çeken suratlarynyň gahrymanlarynyň aňrybaş sazlaşygy Nuriddini haýran etdi. Ýörite mekdebi tamamlap dogduk iline gaýdyp gelensoň bu oňa özboluşly döredijilik ýoluny tapmaga ýardam etdi.

Sosialistik realizm, impressionizm we beýleki izmler gaýra çekilip, oňa derek Galkynyş eýýamynyň genisi nakgaşyň ýüreginde ymykly orun tutdy.Nuriddiniň eserleriniň arasynda Leonardo da Winçä we onuň eserlerine bagyşlanan suratlarynyň 20-ä golaýy bar.

Sungaty öwrenijiler da Winçiniň suratlarynda ýordumlarda gizlenen syrlar kän diýýärler. Bu Lebapda ýaşaýan nakgaşy täze eser döretmäge höweslendirdi. Ol Gündogar folkloryna mahsus usulda birneme degişme äheňli Göze görünmeýän gelinligine sözaýdyjy gelenler eserinde göze ilmeýän gyzyň keşbi şekilleriň we zatlaryň suduryndan kemala gelýär.

Jokondanyň sudury suraty göçme manylygy bilen özüne çekýär-asma gulpuň birneme ulaldylyp çekilen açarsokary Leonardonyň bar zady görýän nazary bilen Jokondanyň suduryna öwrülýär. Nakgaşyň Leonardo da Winçiniň genisiniň biziň düşünjämizde Jokondanyň keşbinden aýrylmazdygyny nygtasy gelen bolmagam mümkin.

1991-nji ýylda Türkmenfilm kinostudiýasynda Nuriddini Niýazow hakynda dokumental film surata düşürilenden soň žiwopis muşdaklarynyň köpüsi Gündogar sebitdäki kiçeňräk şäherde ýaşaýan we döredýän özboluşly nakgaş barada maglumat aldylar. 2013-nji ýylda Nuriddin Niýazow Gaýrat medaly bilen sylaglandy.

Nuriddin Burhanowiç zehinli portretçi. Muňa göz ýetirmek üçin onuň Aýa ene we Şirli Hudaýnazarow atly ajaýyp, özboluşly üýtgeşik işlerine syn etmegem ýeterlik.

Ýene degişli makalalar

Nuriddin Niýazow žipowis muşdaklaryny döredijilikde filosofiýa bilen tanyşdyrdy
Merkezi Aziýa teleýaýlymyny döretmek meýilleşdirilýär
Türkmenistan bilen Owganystan üstaşyr ýük daşamalary artdyrmakçy
AFK-nyň kubogy ― 2021: Nasafyň bellige aldyran futbolçylarynyň sanawy
Russiýanyň Döwlet Dumasynyň başlygy Özbegistana geldi