Türkmen sungat ussatlary türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler

25 — 28-nji oktýabrda Tatarystanyň Kazan şäherinde geçirilen Kazandaky Gündogar bazary türki halklaryň halkara festiwalynda Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary gatnaşdylar.

Piramida medeni dynç alyş toplumynda geçirilen dabarada Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa, şeýle-de Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Nebitgazhyzmat paýdarlar jemgyýetiniň Medeni-işewürlik merkeziniň garamagyndaky Galkynyş folklor-tans topary çykyş etdi.

Türkmenistanyň döredijilik toparynyň çykyşyna halkara festiwala gatnaşyjylar ýokary baha berdiler. Şeýlelikde, Türkmenistanyň halk artisti Züleýha Kakaýewa hem-de Galkynyş folklor-tans topary festiwal guraýjylaryň ýokary sylagyna mynasyp bolup, Diplom bilen sylaglandylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlary Kazandaky Gündogar bazary türki halklaryň halkara festiwalynda çykyş etdiler
HALKARA MILLI MEDENIÝETLER FESTIWALY
Galkynyş tans topary hem-de Züleýha Kakaýewa Kazandaky Gündogar bazary festiwalynda çykyş etdiler
Ýyldyz aýdymçylara SMS arkaly ses bermeklik başlady
AŞGABAT AZIADASYNYŇ KANUNÇYLYK BINÝADY