Şu günlerde Samarkand şäheri Merkezi Aziýanyň iň uly medeni wakalarynyň biri bolan Şark taronalari (Gündogaryň sazlary) XIII halkara festiwalyna taýýarlyk görýär. 25 — 30-njy awgustda geçiriljek festiwala dünýäniň dürli ýurtlaryndan, şol sanda Türkmenistandan hem sungat ussatlary gatnaşarlar. Bu barada Bolşaýa Aziýa habar berdi.
1997-nji ýyldan bäri ÝUNESKO-nyň howandarlygynda her iki ýylda bir gezek geçirilýän bu festiwal medeni mirasy gorap saklamagyň we halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň nyşanyna öwrüldi. Onuň maksady diňe zehinli ýerine ýetirijileri ýüze çykarmakdan ybarat bolman, eýsem, medeniýetleriň arasyndaky arabaglanyşygy ösdürmek, parahatçylyk we özara düşünişmek ýörelgelerini öňe sürmek bolup durýar.
Festiwalyň maksatnamasy halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek we milli saz gurallarynda saz çalmak boýunça bäsleşigi, halkara ylmy maslahaty hem-de Samarkandyň dürli ýerlerinde geçiriljek köp sanly konserti öz içine alýar.
Festiwalyň jemleýji gününde gala konsert hem-de ýeňijileri sylaglamak dabarasy bolar.