Türkmenistanda türk oppozision hereketi bilen ilteşigi bolmakda aýyplanyp, ýene-de onlarça adam tussag edildi. Ýurduň sud ulgamyna ýakyn çeşmäniň aýtmagyna görä, 5-7-nji iýulda Lebap welaýatynyň sudy azyndan 40 adama garşy höküm çykardy.
Azatlyk Radiosynyň çeşmesiniň tassyklamagyna görä, höküm edilen adamlaryň aglabasyny türkmen-türk liseýleriniň öňki işgärleri we uçurymlary düzýär.Maý aýynyň ahyrynda Azatlyk türk oppozision lideri Fethullah Güleniň ýolbaşçylygyndaky “Gülen hereketi” diýilýäni bilen ilteşigi bolmakda aýyplanyp, 50-den gowrak adamyň tussag edilendigini habar beripdi.
Bu adamlar ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilen sud diňlenişiklerinde 20 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildi diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýtdy.
Birleşen Ştatlarda ýaşaýan türk ruhanysy Fethullah Gülen
Bu Azatlyga mälim bolan we şol birmeňzeş aýyplamalar esasynda uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edilen adamlaryň ikinji topary bolýar. Şu ýylyň fewralynda Aşgabadyň şäher sudy azyndan 18 adamy 25 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm etdi. Olaryň arasynda Türkmenistanyň tanymal işewürleri hem bardy.
Lebapdaky beýleki bir çeşmäniň tassyklamagyna görä, iýul aýynyň başynda welaýatyň jenaýat işleri boýunça sudunda ýapyk sud işi geçirilip, onda “gülençiler” diýlip atlandyrylýanlaryň sud işine garaldy.
“Şu ýylyň maý aýynyň ahyrynda we iýun aýynyň başynda tussag edilen oglanlary sud etdiler.Olaryň köpüsi kerkili (red: häzirki ady Atamyrat) oglanlar.Derňew döwründe olar gynamalara sezewar edildi we olaram özlerine ýöňkelýän günäni boýun aldylar.
Sud ýapyk görnüşde geçirildi, hatda oňa tussaglaryň ýakyn dogan-garyndaşlaryny hem goýbermediler” diýip, adynyň anonim galmagy şerti bilen Azatlygyň Lebap welaýatynyň sud organlaryna ýakyn çeşmesi aýdýar.
Azatlygyň suduň çykaran kararyny gören çeşmesiniň tassyklamagyna görä, ortaça 40 adamdan ybarat tussaglaryň ählisi 20 ýyla çenli türme tussaglygyna höküm edildi.Onuň sözlerine görä, öňki gezeklerdäkisi ýaly, täze çykarylan hökümde-de tussaglaryň haýsydyr bir takyk gurama bilen ilteşigi görkezilmeýär, onda diňe bendileriň günäli tapylan jenaýat kodeksiniň maddasy ýerleşdirilipdir. Ýöne bu gezek oňa jenaýat kodeksiniň 135-nji, ýagny gomoseksualizm hakyndaky maddasynyň hem goşulandygyny Azatlygyň söhbetdeşi tassyklaýar.
Şeýle-de, ol höküm edilenleriň ählisiniň türkmen häkimiýetleriniň şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek Aziýa oýunlaryny geçirmek üçin goşmaça serişde toplamak synanyşyklarynyň pidasy bolandygyny gürrüň berdi.
“Güýç organlary prezidentiň Aziada pul toplamak baradaky tabşyrygyny şeýle berjaý edýärler. Gülençiler’ bilen ilteşikli aýyplama diňe bahana, hakykatda, adamlaryň puluny gorkuzyp alýarlar. Olaryň ählisini türk liseýlerinde okamak ýa-da işlemek bilen baglanyşdyrýarlar, bu bolsa dogry. Ýöne olaryň ählisi barjamly, gurply adamlar we olar şu ýagdaýyň pidasy boldular. Olaryň arasynda Lebapda tanalýan biznesmenler hem bar” diýip, Azatlygyň çeşmesi tassyklaýar.
Ol öz sözüni delillendirmek üçin birnäçe işewüriň we kompaniýanyň atlaryny getirip, olaryň özlerinden talap edilen pul serişdesini berensoň, öz gününe goýlandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Şeýle-de, ol suduň çykaran kararyna laýyklykda, tussaglaryň ähli emläkleriniň we biznesleriniň döwletiň haýryna geçirilendigini belledi.
Azatlyk ynamdar çeşmelere salgylanyp, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurtda geçiriljek halkara sport ýaryşyny guramalaşdyrmak üçin, maliýe serişdesini toplamak barada, ýurduň güýç organlaryna tabşyryk berendigini habar beripdi. Azatlygyň çeşmeleri ýurduň baş prokurory Amanmyrat Hallyýewiň duýdansyz öz eýeleýän wezipesinden boşadylmagynyň hem hut şu mesele bilen baglanyşyklydygyny aýdýarlar.
Şeýle-de, biri-birinden garaşsyz birnäçe çeşmäniň tassyklamagyna görä, soňky aýlarda Aziýa oýunlaryna “goşant” goşmakdan ýüz öwren onlarça işewür tussag edildi, käbirleri öz wagtynda Türkmenistany terk etmegi başardylar. Olaryň sözlerine görä, tussag edilen biznesmenlere hem türk ruhanysy Fethullah Gülen bilen ilteşigi bolmakda aýyplama bildirilýär.
Azatlyk “gülençiler” diýilýänler bilen ilteşigi bolmakda aýyplanyp, tussag edilen adamlar barada ilkinji gezek 2016-njy ýylyň oktýabrynda habar beripdi.Bu tussag edilmeleriň birinji tapgyry Aşgabatda we tutuş ýurtda tanalýan biznesmenlere öz täsirini ýetirdi. Şonda Azatlygyň çeşmeleri 150-den gowrak adamyň tussag edilendigini habar beripdiler.
Olaryň aglabasy derňew işleri geçirilenden soň goýberilipdi. Ýöne olaryň onlarçasy uzak möhletleýin türme tussaglygyna höküm edildi.
“Merdem” we “AlpEt” restoranlaryň öňki eýesi Resul Atageldiýew
Şu ýylyň aprel aýynyň başynda Azatlyk Radiosyna kanun goraýjy edaralardaky çeşmelerden suduň ýapyk diňlenişiginiň netijesinde çykarylan kararyň nusgasy gowuşdy. 18 adamdan ybarat toparyň düzüminde, tanymal aşgabatly telekeçiler “A-Market” dükanynyň öňki eýesi Döwlet Ataýew hem-de “Merdem” we “AlpEt” restoranlaryň eýesi Resul Atageldiýew 25 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edildi. Agzalan tussaglaryň ählisiniň geçmişde türk bilim edaralaryna gatnaşygy bardy.