Türkmen studentleri daşary ýurtlarda okamak we ýaşamak üçin iberilýän puly alyp bilmeýär

Türkmen studentleri daşary ýurtlarda okamak we ýaşamak üçin iberilýän puly alyp bilmeýär

Türkmenistanda ýurduň daşyna pul ugratmak bilen baglanyşykly kynçylyklar ýene-de ýüze çykdy. Daşary ýurt uniwersitetlerinde okaýan raýatlaryň ençemesi aýyň başyndan bäri Türkmenistandan pul alyp bilmeýär.

Türkmenistandan pul ibermekdäki problema banklaryň pul geçirmek isleýänlerden edýän täze talaby sebäpli ýüze çykdy. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň maglumatlaryna görä, banklar indi daşary ýurtlarda bilim alýan raýatlara pul ibermek üçin olaryň ýanlaryndaky asyl dokumentleriniň banka getirilmegini talap edýärler.

"Banklar, esasanam 'Senagat Bank', studentleriň dogluş hakyndaky şahadatnamalarynyň we içerki türkmen pasportlarynyň gyssagly Türkmenistana getirilmegini talap edýärler, bolmasa pul geçirilmejegini aýtdylar" - diýip, habarçymyz aýtdy.

Studentleriň ene-atalary çagalaryna okuw we ýaşamak üçin pul ugratjak bolup, banklara baranlarynda täze talabyň bardygyny bilip galypdyr. Bu talabyň, hususan-da, Russiýanyň uniwersitetleriniň studentlerine täsir edendigini habarçy aýdýar. Bank işgärleri buýrugyň ýokardan gelýändigini dilden aýdyp, ýazmaça karary görkezmeýärler.

Türkmenistan, gara bazaryň nyrhyndan birnäçe esse pes bolan Merkezi Bankyň kursy boýunça daşary ýurtlarda okaýan raýatlaryna puly öwürip bermek mümkinçiligini göz öňünde tutýar. Emma diňe Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan sanawa girizilen daşary ýurt okuw jaýlarynda okaýan türkmenistanlylar pul öwürmek ýeňilliginden peýdalanyp bilýärler.

Şeýle-de bolsa, ene-atalar Russiýada, Belarusda, Türkiýede we Gazagystanda okaýan çagalaryna aýda 50 dollar iberip bilýär.

Habarçylaryň sözlerine görä, studentler we olaryň ene-atalary indi bu ujypsyz mukdarly puly geçirmek mümkinçiligini ýitirmekden howatyrlanýarlar. Dokumentleri poçta bilen ibermek wagty we goşmaça çykdajylary talap edýär.

"Poçta bilen baglanyşykly kynçylyklar bar, poçta arkaly gyssagly bir dokumenti iberjek bolsaň 2000 manat tölemeli. Uçarlar göni gatnaýan Moskwada we Gazanda okaýan studentlere öz ýoldaşlary bilen resminamalary ugratmak has amatly bolýar, ýöne bu howply we olary ýitirip bolýar. Emma beýleki şäherlerde okaýanlar üçin bu usul asla elýeterli däl"- diýip habarçy aýdýar.

Türkmenistandan pul ugratmak bilen baglanyşykly kynçylyklar ençeme ýyl bäri dowam edip gelýär. Wagtal-wagtal agyrlaşýan mesele aprel aýynyň başynda ýene ýüze çykdy.

3-nji aprelde garaşsyz neşir “Turkmen.news” Marydaky we Türkmenabatdaky "Senagat bankyň" we "Halkbankyň", çagalary daşary ýurt uniwersitetlerinden çykarylyp, soň gaýtadan dikeldilen raýatlara student perzentlerine pul geçirip bermekden ýüz öwürip başlandyklaryny habar berdi.

Neşir şeýle talyplaryň öz maşgalasyndan maliýe goldawyny almak hukugyny ýitirýändigini belledi: “Banklar studentiň okuwdan kowulmagynyň sebäpleri, okuw kemçilikleri, tölegi geçirmezlik, COVID-19 döwründe wizany uzaldyp bilmezlik ýaly anyk sebäplerini bilen gyzyklanmaýar. Ene-atalara pul öwürmek hukugynyň ýitirilendigi we ony dikeldilip bolmajagy aýdylýar".

Şeýle hem neşir puly para berip, ugradyp bolýandygyny, ýöne şonda-da uly çäklendirmeleriň bardygyny, hususan-da puly ozal tölenmedik okuw ýyly üçin iberip bolýandygyny habar berýär: "Mysal üçin, bir okuwçy okuwda ikinji kursda çykarylan bolsa, onuň üçünji ýa-da dördünji ýyly üçin pul geçirilip bolýar.

Eger-de ol dördünji kursda (bakalawr derejesi üçin iň soňky ýylynda) okuwdan çykarlan bolsa, hatda para bilen hem pul ugradyp bolmaýar".

Daşary ýurtlarda bilim almak Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda meşhurlygyna galýar. Raýatlaryň ýurtdan çykmakdaky kynçylyklaryna we maliýe çäklendirmelerine garamazdan, ilatyň migrasiýasy ýokary bolmagynda galýar. Türkmenistandaky işsizlik we korrupsiýa şertlerinde ýurduň raýatlary pul gazanmak we bilim almak üçin ýurdy terk etmäge synanyşýar.

Rus dilinde hem okaň

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheriniň edaralaryna ýolbaşçylar bellendi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mundan buýana Türkmenistanda poçtadan iberilen zatlaryň salgylary türkmen dilinde ýazylmaly
Türkmenistanyň Poçta aragatnaşygy hakynda Kanuna gol çekildi
Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň üçünji mejlisi geçirildi
Halk Maslahaty Döwlet býujeti we Türkmenistandaky daşary ýurt raýatlary barasynda kanunlary kabul etdi