Türkmen ştangaçylarynyň sekizisi agyr atletika boýunça 2331-nji maýda ýetginjekleriň arasynda Daşkentde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjaklaryň sanawyna girizildi. Bu barada Agyr atletika boýunça halkara federasiýasynyň (IWF) saýtynda habar berilýär.
Neşir edilen sanawa görä, gelejkki bu ýaryşda Türkmenistanyň sport abraýyny Bektimur Reýomow, Ýazmämmet Annalyýew (ikisi-de 67 kg çenli agramda), Maksat Meredow, Gaýgysyz Töräýew (ikisi-de 73 kg çenli agramda), Şatlyk Şöhradow, Şageldi Baýramgeldiýew (ikisi-de 81 kg çenli agramda), Şerzad Rustambaýew (89 kg çenli agramda) we Atajan Daýyýew (109 kg-den ýokary agramda) dagy gorar.
Öten ýyl ýetginjekler dünýä çempionaty koronawirus pandemiýasy zerarly geçirilmedi. Şonuň üçin-de, bu ýyl IWF 2000-nji ýylda doglan türgenleriň bu ýaryşa gatnaşmagyna rugsat berdi. Olar üçin Daşkentdäki ýaryş Tokioda geçiriljek olimpiada oýunlary üçin saýlama ýaryşy bolar.
Bu bäsleşikde türkmen sport söýüjileriniň we hünärmenleriniň esasy umytlary Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Maksat Meredowyň Daşkentdäki çykyşyna baglydyr.Iki ýyl mundan öň, ol Suwa şäherinde (Fiji Respublikasy) ýetginjekleriň arasynda dünýä birinjiligi ugrunda geçirilen ýaryşda bürünç medala mynasyp bolupdy.
Geçen aýda bolsa, Özbegistanyň paýtagtynda geçen Aziýa çempionatynda Türkmenistanyň ýokary sport ussatlygy mekdebiniň 21 ýaşly okuwçysy 73 kg agramda iki görnüş boýunça jemi 336 kg (silterläp 147 kg, itekläp 189 kg) netije bilen kümüş medal gazanyp, öz şahsy rekordyny goýdy.
Geljegine uly hasaplanylýan ýaş türgeniň gazanan üstünliklerinde Türkmenistanyň milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Artur Emirýanyň hyzmaty uludyr.