Türkmen sporty dabaralanýar

Ilkinji gezek iki yklymyň wekilleriniň gatnaşan bu sport baýramçylygynda türgenler sportuň 21 görnüşi boýunça özara bäsleşdiler. 12 günläp dowam eden ýaryşlarda dünýä rekordy, oýunlaryň rekordy goýuldy. 30-dan gowrak desgany özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda ildeşlerimiz diýseň ýokary netije gazandylar.

Guramaçylyk babatda-da, örän ýokary derejede geçirilen “Aşgabat 2017”-de türkmenistanly türgenler 89 altyn, 70 kümüş, 86 bürünç jemi 245 medal gazanyp, oýunlarda taryhy başarnyk görkezdiler.Bu waka ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.

Dekabr aýynda ABŞ-nyň Anahaým şäherinde geçirilen agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda türkmen türgenleri ençeme ýyldan soň, medal gazandylar.Zenanlardan Kristina Şermetowa bilen erkeklerden Rejepbaý Rejepow iň ýokary ikinji netijäni görkezip, kümüş medallaryny eýelediler.

Halkara agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Tamas Ajan 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatyny Aşgabatda geçirmek baradaky çözgüdiň kabul edilendigini habar berdi. Şeýlelikde, nobatdaky agyr atletika boýunça dünýä çempionaty biziň gözel paýtagtymyz Aşgabatda geçiriler. Ýurdumyzda ýene bir halkara ýaryşyň geçirilmegi, türkmen sportunyň abraýynyň barha belende galýandygyny aňladýar.

Tamamlanyp barýan 2017-nji ýylyň ilkinji günlerinde türkmen türgenleri Gyşky Aziýa oýunlarynda çykyş etdi. Şonda hokkeý boýunça milli ýygyndymyz ilkinji gezek bu halkara ýaryşa gatnaşyp, diýseň şowly netijeler gazandy.

Türkmen hokkeýçileri Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen bu oýunlarda ikinji diwizionda altyn medal gazanmagy başardy.Ildeşlerimiz finalda Gyrgyzystanyň ýygyndysyny 7:3 hasabynda utup, nobatdaky oýunlarda birinji diwizionda bäsleşmäge hukuk gazandy.

Futbol boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem uly üstünlige eýe boldy.Ildeşlerimiz noýabr aýynda saýlama toparçasyndaky 5-nji oýnunda Hytaý Taýpeýinden 21 hasabynda üstün çykyp, taryhynda 2-nji gezek Aziýa çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazandy.

Ilkinji gezek 2004-nji ýyldaky ýaryşda çykyş eden türkmen futbolçylaryna 2019-njy ýylda BAE-de geçiriljek 17-nji Aziýa çempionatynda uly üstünlik arzuw edýäris.Russiýanyň Soçi şäherinde sambo boýunça dünýä çempionatynyň 41-njisi geçirildi. Şonda 52 kilogram agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Gülbadam Babamuratowa güýçli garşydaşlaryny ýeňlişe sezewar edip, ýaşyl Tugumyzy belentde parlatdy.

Gülbadam Babamuratowa sambo boýunça geçirilýän dünýä çempionatlarynda 2-nji gezek altyn medala mynasyp boldy.Ol 2012-nji ýylda Minskidäki çempionatda-da münberiň çür depesine çykypdy.

Türkiýäniň Stambul şäherinde kuraş boýunça guralan dünýä çempionatynda-da türkmen pälwanlary ýurdumyza ýeňişli dolandylar. Türkmenistanly türgenler bu halkara ýaryşda 2 kümüş, 7 bürünç, jemi 9 medal gazandy.

Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen IV Yslam raýdaşlyk oýunlarynda türkmen türgenleri şowly çykyş etdiler. 60-a golaý döwletiň türgenleriniň gatnaşan ýaryşynda ildeşlerimiz 1 altyn, 3 kümüş, 2 bürünç medal gazandy.

Ýene degişli makalalar

Tokio-2020: ýaryşda G.Babamuratowanyň ilkinji garşydaşy belli boldy
Gülbadam Babamuradowanyň Olimpiýa oýunlaryndaky bäsdeşi belli boldy
“Aşgabat 2017”-niň alawy dost-doganlygyň nyşany
TÜRKMEN SPORTUNYŇ ŞÖHRATLY PURSATLARY
15.11.2017 | Olimpiýa şäherjiginde dünýäniň sambo boýunça çempiýony Gülbadam Babamuratowa orden gowşuryldy
15.11.2017 | Hormatly Prezidentimiz Gülbadam Babamuratowany “Garaşsyz Türkmenistana bolan beýik söýgüsi üçin” diýen ordeni bilen sylaglady