Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynyň soňky aýynyň ilkinji günleriniň türkmen türgenleri üçin örän şowly bolandygyny bellemek gerek.Olar birbada iri halkara ýaryşlarynyň üçüsinde çykyş etdiler.Ildeşlerimiz bu halkara ýaryşlarda 21 medal gazandylar.Türkmenistanly pälwanlar Türkiýäniň Stambul şäherinde kuraş göreşi boýunça geçirilen dünýä çempionatynda jemi 9 medal 2 kümüş we 7 bürünç medal gazandylar.laryň 6-syny erkekler topary, 3-sini zenanlar topary eýeledi. 81 kilogram agram derejede çykyş eden Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyby Daýanç Ömürow ikinji orna mynasyp boldy. 60 kilograma çenli agramda çykyş edenleriň arasynda Şamuhammet Gurbanow kümüş medala eýe boldy.
Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň başga bir talyby Hudaýberdi Jumaýew 100 kilogram agram derejede çykyş edip, bürünç medaly eýeledi.Erkekleriň arasynda 66 kilogram agramda çykyş eden Marat Orazow we Erkin Omurzakow, şeýle hem 73 kilogram agramda bäsleşen Begenç Baltaýew bu medallaryň eýeleri boldular.Zenanlaryň arasynda bolsa 63 kilograma çenli agramda çykyş eden Gülşat Nasyrowa, Mähriban Gurbanowa (57 kg), Zarina Saparowa (48 kg) dagy bürünç medala mynasyp boldular.ABŞ-nyň Anahaým şäherinde agyr atletika boýunça geçirilen dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndy topary üstünlikli çykyş etdi.
Türgenlerimiz umumylykda 4 kümüş, 2 bürünç medal gazandylar.Zenanlaryň arasynda 53 kg agramda çykyş eden Kristina Şermetowa birden we itekläp götermekde aýratynlykda bürünç medala mynasyp boldy. 23 ýaşly türgenimiz birden 91, itekläp bolsa 113 kilogram netije görkezdi.
Ol birden we itekläp götermekde jemi 204 kilogram bilen 2-nji orny eýeläp, kümüş medal gazandy.Erkekleriň arasynda-da agyr atletikaçy Rejepbaý Rejepow 77 kg agramda çykyş edip, birden we itekläp götermekde jemi 352 kilogram netije görkezdi.
Onuň görkezen bu netijesi oňa ikinji orun, ýagny kümüş medal gazandyrdy.Ol şu ýyl ýaşlaryň arasynda dünýäniň çempiony bolan ABŞ-ly Harrison Deýs Maurusdan 4 kilogramy artyk göterip, öňe saýlandy we Rio-2016 Olimpiadasynyň bürünç medalynyň eýesi Mohamet Mahmuddan bolsa 9 kilogram agramy pes göterdi. Ýeri gelende aýtsak, Rejepbaýyň bu netijesi “Aşgabat 2017” oýunlarynda görkezen netijesinden bary-ýogy bir kilogram pesdir.
Rejepbaý birden 158 kilogram, Itekläp bolsa, 194 kilogram netije bilen ikisinde-de aýratynlykda kümüş medalyň eýesi boldy.Belarusyň paýtagtynda tamamlanan söweşjeň sungatlary VII Halkara oýunlarynda türgenlerimiz taekwondonyň (ITF) olimpiýa däl görnüşi boýunça hem şonça medala mynasyp boldular.
Emma bu oýunlarda türgenlerimiziň hasabynda 1 altyn medal hem bar we olar 5 bürünç medal gazandylar.Altyn medala Goşanyýaz Durdyýew (64 kilorgama çenli agram derejesinde) mynasyp boldy.Bürünç medallary Abdyrahman Hasanow, Mähri Agaýewa (51 kilograma çenli agram derejesinde), Orazmyrat Çaryýew tuli (toplumlaýyn maşklar) görnüşinde bürünç medallary eýelediler.
Goşanyýaz Durdyýewden, Orazmyrat Çaryýewden, Gaýgysyz Atabaýewden, Annamyrat Goşanyýazowdan we Serdar Hydyrowdan ybarat Türkmenistanyň ýygyndy topary toparlaýyn maşklarda (tuli) we toparlaýyn sparringlerde ýene iki bürünç medala mynasyp boldy.