TÜRKMEN SPORTUNYŇ ŞÖHRATLY PURSATLARY

Arkadag Prezidentimiziň başda durmagynda ak mermerli paýtagtymyzda giň möçberli halkara bäsleşigiň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ýokary derejede geçirilmegi türkmen sportunyň taryhynda şöhratly pursatlar bilen dabaralandy. 2017-nji ýylyň V Aziýa oýunlary gatnaşyjylaryň düzümi boýunça hem, sport ugurlarynyň sany boýunça hem köp babatda aýratyn häsiýete eýe boldy.

Bu Oýunlaryň ilkinji gezek Merkezi Aziýa wekilçilik edýän döwletde eziz Watanymyzda geçirilendigi, bu ýaryşlaryň taryhynda Aziýa kontinentiniň wekiliýetlerinden başga-da, oňa ilkinji gezek Okeaniýanyň 19 döwletiniň türgenleriniň, şeýle-de bosgunlar toparynyň hem ilkinji gezek gatnaşmagy örän buýsançlydyr.

Aşgabat Aziadasynda türkmen türgenleri dürli derejedäki baýraklary gazanmak bilen ýurdumyzyň abraýyny artdyrdylar.Munuň özi medallaryň umumy gazanylan hasabynda öňdebaryjylygy eýelemek üçin ýeterlik boldy. “Aşgabat 2017”-niň oýunlarynda türkmen pälwanlarynyň milli göreş boýunça 23 altyn, 14 kümüş, 9 bürünç, jemi 46 medal gazanmaklary ajaýyp üstünlik boldy.

Türkmenistanyň ýygyndysynyň guşakly göreş boýunça ýaryşlarda 39 altyn, 23 kümüş, 23 bürünç, jemi 85 medala mynasyp bolmagy uly üstünlikdir.Medallaryň sanlary bolsa, ýaryşlaryň geçirilişine baglylykda her gün, her sagat köpeldi.Ussat türgenleriň arasynda guşakly göreş we milli göreş boýunça ýygyndy toparymyzyň wekili, halkara derejeli sport ussady, köp sanly halkara ýaryşlarynyň ýeňijisi Seýdi Batyrow Aşgabat Aziadasynda bu ugurlardan gazanan 5 altyn medalynyň üstüni alyş göreşiniň erkin usuly boýunça 100 kg agram derejede çykyş edip, 6-njy altyn medaly bilen ýetirdi.

Zenanlar ýygyndymyzyň baş tälimçisi, ussat pälwanymyz, ençeme ussat türgenleriň tälimçisi Nasiba Surkiýewa hem bu ýaryşda birnäçe görnüşler boýunça çykyş edip, altyn medallaryň giden toplumyna mynasyp boldy.Birnäçe halkara ýaryşlarynda öňdäki orunlary eýelän Zöhre Madraimowanyň Aşgabat Aziadasynda guşakly göreş we milli göreş boýunça 4 altyn medaly bolan bolsa, ol alyş göreşi boýunça-da bäşinji altyn medaly gazanmagy başardy.

Bu Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça VAziýa oýunlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň 70-nji medaly bolup, taryha girdi.Türkmen milli göreşiniň hem erkin, hem nusgawy usulynda öz agram derejesinde 4 altyn medal gazanan Gülnar Haýytbaýewa guşakly göreş, sambo, dzýudo boýunça Türkmenistanyň çempiony diýen ady, dünýä çempionatlarynda bolsa, ençeme öňdäki orunlary eýelän ussat türgenimizdir. “Aşgabat 2017”-de 4 altyn medalyň eýesi bolan türgenimiz guşakly göreş boýunça hem kümüş medaly gazanyp, ýene ildeşlerimizi begendirmegi başardy.

Laçyn Badaglyýewa ýaş sport ýyldyzlarymyzyň biri.Ol TMSSI-niň talyby, 2016-njy ýylda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Çarwadarlaryň oýnunda ýeňiş gazanyp, hormatly Prezidentimiziň gymmatbahaly baýragyna eýe boldy.Ol Aşgabat Aziadasynda milli göreş we guşakly göreş boýunça ýaryşlarda 4 altyn we 1 bürünç medaly gazanmagy başardy.Gülbadam Babamuratowa hem häzire çenli köp sanly halkara ýaryşlarynda altyn medallary eýelän ussat türgenimizdir.

Aşgabat Aziadasynda zenanlaryň arasynda Gülbadam sambo boýunça 52 kg agram derejesinde altyn medal gazandy.Söweş sambo sportunda 62 kg agram derejesindäki tutluşyklara jemi 11 sany türgen gatnaşyp, ildeşimiz Kerimberdi Döwletow altyn medal gazanmagy başardy.

Zenanlaryň arasynda Hurma Abdyýewa 52 kg agram derejede bürünç medal gazandy.Ahmet Taňryberdiýew sambo boýunça 57 kg agram derejede wagtyndan öň, bary-ýogy 1,5 minutda garşydaşyndan üstün çykyp, altyn medal aldy.

Alyş görnüşindäki erkin göreşde bürünç medallaryny türkmen ýygyndy toparynda Annamyrat Myradow (100 kg-dan ýokary), Jangeldi Medow (70 kg), Aly Allaberdiýew (80 kg), zenanlaryň arasynda Saodat Işmuratowa (70 kg) gazandylar.

Kuraş göreşi boýunça ýaryşlarda türkmen ýygyndy toparynda altyn medala 48 kg çenli agram derejesinde Zarina Saparowa, kümüş medala Saýýara Ereşowa (52 kg) mynasyp boldy.Alyş göreşi boýunça halkara derejeli sport ussady Hangeldi Allakow 70 kilogram agram derejesinde altyn medaly eýelän bolsa, 80 kilogram agram derejesinde halkara derejeli sport ussady Şamämmet Garmämmedow altyn medala eýe boldy.Maksuda Egemberdiýewa, Merjen Inatullaýewa, Zarina Abdyrahmanowa, Dinara Hallyýewa, Rano Uzakowa, Jahan Muhammedowa, Göwher Nuryýewa ýaly ýaş türgenleriň ençemesiniň Aşgabat Aziadasynda parlak ýyldyz bolup öňe çykmaklary hem mynasyp türgenleriň ýetişendigini görkezýär.

Türkmen türgenleri sportuň beýleki görnüşlerinde-de üstünlikli çykyş etdiler. “Rus piramidasy” görnüşinde türkmen bilýardçylary üstünlikli çykyş edip, ähli gymmatlyklardaky medallary gazandylar.Final tapgyrynda Annamämmet Annamämmedow kümüş medalynyň eýesi Kamaladdin Babaýewi 5:4 hasapda ýeňip, altyn medala mynasyp boldy.

Bürünç medalyna bolsa, Batyr Geldiýew eýe çykdy.Türkmenistanyň ýygyndy topary geçirilen ýaryşlaryň jemleri boýunça umumy medallaryň sanawynda ynamly öňdeligi turuwbaşdan eýelemegi, ýaryşlaryň bütin dowamynda olaryň üstüni ýetirmegi başardy.Döwlet baýdagymyzy egnine atyp, begençli ýylgyrýan, ýeňiş münberine çykyp, Döwlet senasynyň aşagynda buýsançly başyny belent tutup durýan türgenlerimiz halkymyzyň guwanjyna öwrüldiler.

Türkmen türgenleriniň şeýle üstünlikli çykyşlarynyň aňyrsynda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzy, milli sporty ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalary bar.Goý, Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, ähli belent başlangyçlary hemişe rowaç bolsun!

Gülälek ROZYÝEWA, Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

22.09.2017 | Biziň ýygyndy toparymyzyň altyn medallarynyň sany ýene-de 10 medal bilen artdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy
28.09.2017 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine Türkmenistanyň at gazanan sport ussady diýen at dakyldy
05.09.2018 | Çarwadarlaryň oýunlary: ýygyndymyzyň gazananlarynda ýene-de 5 medal artdy
Çarwadarlaryň oýunlary: ýygyndymyzyň gazananlarynda ýene-de 5 medal artdy
Marokkodaky ýaryşda türkmen dzýudoçysynyň medaly