Türkmen sosial media ulanyjylary özbek bloggerleriniň 'keç ykbalyndan lapykeç bolýar'

Türkmen sosial media ulanyjylary özbek bloggerleriniň 'keç ykbalyndan lapykeç bolýar'

Prezident Şawkat Mirziýoýew 2016-njy ýylda häkimiýet başyna gelende, Özbegistanda azatlyklar babatynda emele gelen maýlama arzuwlary ýyllaryň geçmegi bilen ysgyndan gaçdy. Söz azatlygy çäklendirilýän Türkmenistanda hem sosial media ulanyjylary özbek bloggerleriniň ykbalyna alada bildirip başlady.

“Megerem, özbek hökümeti hem internet azatlygyny, söz we pikir erkinligini bogmak babatynda Türkmenistandan görelde alyp, ýörite maksatnamalary durmuşa geçirýäne meňzeýär. Hususan-da, soňky iki ýylyň dowamynda bu ýurtda bloggerler yzygiderli yzarlanyp, ýörite gulluklar tarapyndan göz tussaglygyna alnyp başlandy” diýip, bir türkmenistanly Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýdýar.

Halkara hukuk toparlary goňşy Özbegistanda, esasan-da, soňky iki ýyldan gowrak wagtyň dowamynda söz we media azatlygynyň ýagdaýyna, bloggerlere häkimiýetler tarapyndan görkezilýän basyşlara alada bildirip gelýärler.

“Köp adam maňa mediany ýapmagy maslahat berýär, ýöne men muny etmerin” diýip, özbek lideri 2023-nji ýylyň fewralynda eden çykyşlarynyň birinde aýtdy.Ol şonda ýene bir gezek erkinligiň howasyny halaýandygyny aýtdy.

Goňşy lider häkimiýet başyna geleninde ýyllarboýy Islam Karimowyň demir penjesinden’ ýadan özbek halkyna bir topar reformalary wada berdi.Ol üç ýyl ozalky çykyşlarynyň birinde medianyň işine gatyşýan resmileri jezalandyrmagy hem teklip edipdi.

Ýöne soňky ýyllarda goňşy ýurtda bloggerler has köp yzarlanyp başlandy. Synçylara görä, Özbegistanyň kontekstinde bloggerlere, hem giň jemgyýetçilik bilen onlaýn platformalar arkaly pikir-garaýyşlaryny paýlaşýan adamlar, hem-de garaşsyz žurnalistika bilen meşgullanýan “raýat žurnalistleri” hökmünde garalýar.

Ýöne awtoritar ýurtlarda erkin pikir-garaýyşlary paýlaşmagyň, onda-da bu pikir-garaýyşlary giň köpçülik bilen paýlaşmagyň örän gymmat bahasy bar.

Özbegistanda soňky wagtlarda häkimiýetler tarapyndan tussag edilen, ýa-da jerimelere sezewar edilen bloggerleriň köpüsi özlerine bildirilen aýyplamalary syýasy matlaply atlandyryp gelýärler.

Meselem, sentýabr aýynda Samarkand şäheriniň kazyýeti blogger Bahadur Hasanowy bozgakçylyk we adam mertebesini kemsitmek aýyplamalary boýunça 10 gije-gündiz möhlet bilen tussaglyga höküm etdi we 250 million som (200 dollar) möçberinde jerime tölegine sezewar etdi.

Şonda bloggeriň dogan-garyndaşlary onuň ýerli ýaşaýjylaryň sezewar bolýan durmuş-ykdysady kynçylyklary we häkimiýetleriň baş goşýan korrupsiýa hadysalary barada berýän habarlary sebäpli jezalandyrylandygyny aýtdylar.

Has ozal, ýylyň başlarynda 24 ýaşly özbegistanly bir zenan maşgala, Sitora Bozorowa sosial ulgamlar arkaly prezidentiň şahsyýetini kemsitmekde aýyplanyp, bäş ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi.

Özbegistanyň Termez şäherinden bolan Otabek Sattoriý atly wideo blogger ýerli häkimiýetleri emelsizlikde we korrupsiýada aýyplap, çykyş edenden soňra, töhmet atmakda we gorkuzyp almakda aýyplandy we üç ýyl çemesi mundan ozal 6,5 möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi.

Ýogsa, biraz öň, Mirziýoýew özbek bloggerlerini ýurtdaky “kemçilikleriň” üstüni açmaga-da çagyrypdy. Şu ýylyň fewralynda Sattoriý özbek kazyýeti tarapyndan möhletinden öň boşadyldy.

2022-nji ýylyň başlarynda ýurduň din çäklendirmelerini tankytlan ferganaly blogger Fozilhoja Orifhojaýew jemgyýetçilik howpsuzlygyna we konstitusion gurluşa howp abandyrmakda aýyplanyp, 7,5 ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi, ýöne onuň jezasy 2023-nji ýylyň dekabrynda 15 gije-gündizlik administratiw temmisine öwrüldi.

2022-nji ýylyň başlarynda kokandly beýleki bir blogger Olimjon Haýdarow hem gorkuzyp almakda we adam mertebesini kemsitmekde aýyplanyp sekiz ýyl möhlet bilen azatlykdan mahrum edildi.

Şu ýylyň iýulynda Özbegistanyň günorta-gündogar Kaşkadarýo welaýatyndan bolan belli blogger Şerali Komilow galplykda, töhmet atmakda we adam mertebesini kemsitmekde aýyplanyp tussag edildi. Ol ýurduň din wekilleriniň çap edýän materiallaryny tankytlamakda tanalýardy.

Başga-da bir topar bloggerler Özbegistanda häkimiýetler tarapyndan jezalandyryldy, ýa-da hüjümlere sezewar edildi. Olar bu basyşlary özleriniň alyp barýan bloggerlik işi bilen baglanyşdyrýarlar.

Türkmenistanda dowam edýän berk Internet çäklendirmeleriniň astynda soňky ýyllarda sosial torlarda has işjeňlik gazanyp başlan türkmenistanly ulanyjylar häkimiýetler tarapyndan basyşlara sezewar edilýän özbek bloggerleriniň ykbalyna alada bildirýärler.

Olar soňky ýyllarda Türkmenistanda Internet ulgamynyň örüsiniň giňeýändigini, TikTok ýaly sosial torlarda kontent döredip, yzarlaýjylarynyň sanyny artdyrýan we giň auditoriýa eýe bolýan türkmenistanly sosial media ulanyjylarynyň sanynyň köpelýändigini aýdýarlar.

“Serdar Berdimuhamedow prezident wezipesini eýeläli bäri, Internet bilen bagly käbir erkinlikler berlip başlandy.Hawa, dogry, VPN hyzmatlary mesele bolmagynda galýar, ýöne her niçik-de bolsa, türkmenistanly TikTok ulanyjylary hem edil özbegistanly bloggerler ýaly öz kontentlerini döredip başladylar.

Efirde hapa sögünip gürleýän adamlar hem bar, olara hiç kim heniz degenok.Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezidentlik döwri bilen deňeşdirilende Internetiň örüsi Türkmenistanda 1000 esse giňeldi.Uly Berdimuhamedow döwründe ne TikTok ulanyp bolardy, ne-de YouTube.

Häzirki özbek lideri uly Berdimuhamedowyň ýolundan gidip başlana meňzeýär” diýip, türkmenistanly bir sosial media ulanyjysy aýtdy.

Bu sanlary garaşsyz çeşmeler arkaly tassykladyp bolmaýar. Türkmen häkimiýetleri hem daşary ýurtlarda hökümete garşy beýanatlar bilen çykyş eden bloggerleri yzarlamakda we jezalandyrmakda tanalýar.

Soňky birnäçe ýylyň dowamynda sosial ulgamlarda hökümetiň syýasatyny tankytlan adamlaryň zor bilen Türkmenistana alnyp gidilen halatlary boldy.

Türkmenistan Internet azatlygynyň, media azatlygynyň ýagdaýy boýunça halkara hasabatlarda ýyllarboýy yzly-yzyna yzdaky orunlary eýeleýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Ozalky “Central Hospital” we “Ýimpaş” MHM-e “geçer”
Zenan özünden pişigini has gowy görýändigi üçin adamsyny kazyýete berdi
Hindistanyň günortasyny sil basdy
TRT World Forum Stambulda Geçiriler