Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kirişli saz gurallary kafedrasynyň ikinji ýyl talyby Jemal Agajanowa mart aýynyň dowamynda onlaýn görnüşde 30 ýurduň sazandalarynyň gatnaşmagynda geçirilen Nisa Halkara Saz Bäsleşiginde skripka ugrundan II orna mynasyp boldy.
18-20 ýaşlylar toparynda çykyş eden Jemal bäsleşikde Wolfgang Amadeý Mosartyň 5-nji Konsertiniň birinji bölegini ýerine ýetirdi. Konsertmeýsteri halkara bäsleşikleriniň diplomanty Stella Faramazowa. J.Agajanowa talapkär emin agzalaryndan 90 ball almagy başardy, I ýeri eýelän polşaly skripkaçy gyz ondan biraz öňe saýlandy.
Ýeri gelende bellesek, ýaş sazanda geçen ýyl Bakuda (Azerbaýjan) geçirilen Yslam döwletleriniň sazandalarynyň halkara bäsleşiginde hem III orny eýeläpdi.
Onlaýn görnüşde geçirilen ýaryşa Italiýa, Germaniýa, Fransiýa, Polşa, Litwa,
Latwiýa, Bolgariýa, Sloweniýa, Ukraina, Belarus, Russia, Türkiýe, Hytaý, Tailand,
Singapur we ABŞ döwletlerinden sazandalar gatnaşdy.
The post Türkmen skripkaçysy halkara bäsleşikde baýrakly orna mynasyp boldy appeared first on Zaman Türkmenistan.