3-nji ýanwarda Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedinde türkmen serhetçileri bilen "Talyban" söweşijileriniň arasynda çaknyşyk boldy. Raketalar ulanylan çaknyşyk barada Owganystanyň Jowzjan welaýatynyň Hamýap etrabynyň ýaşaýjylary duşenbe güni öýlän habar berdiler.
Bu habarlar soňra owgan metbugaty tarapyndan tassyklandy. "TOLOnews" habar websaýtynyň "Talybanyň" ýerli häkimiýetlerine salgylanyp beren maglumatyna görä, bu waka "Talyban" söweşijilerine ot açan türkmen serhetçileri sebäp bolupdyr. "Talyban" söweşijileriniň türkmen serhetçileri tarapyndan öldürilendigi öňe sürülýän bir parahat ýaşaýjynyň ölümini derňemek üçin wakanyň bolan ýerine barandygy aýdylýar.
"TASS" habar gullugy Owganystanyň “Haşt-e subh” gazetine salgylanyp, bu waka barada Jowzjan welaýatynyň maglumat we medeniýet bölüminiň başlygy Hilal Balhiniň sözlerini getirýär.
“Üç gün ozal Türkmenistanyň serhet gullugynyň işgärleri bir parahat ýaşaýjyny öldürdiler, beýlekisini ýençdiler. Wakanyň derňewi wagtynda, "Talyban" söweşijileri olaryň hereketine jogap hökmünde ok atdylar" diýlip, "Talybanyň" wekiliniň sözleri getirilýär.
Azatlyk bilen habarlaşan ýerli ýaşaýjylaryň sözlerine görä, taraplaryň arasyndaky ok atyşyk birnäçe sagat dowam etdi. Ýaşaýjylar "Talyban" söweşijileriniň Türkmenistana tarap birnäçe raketa atandygyny aýtdylar.
Türkmenistanyň hökümeti owgan serhedindäki atyşyk barada entek kommentariýa bilen çykyş etmedi. Azatlygyň 3-nji ýanwarda ýurduň Daşary işler ministrligi bilen habarlaşmak synanyşyklary netije bermedi.
Ýerli ýaşaýjynyň öldürilmegi bilen baglanyşykly waka baradaky maglumat 29-njy dekabrda Azatlyga gelip gowuşdy, ýöne redaksiýamyz bu habary başga çeşmelere tassykladyp bilmänsoň, bu hakda habar bermekden saklandy.
29-njy dekabrda Hamýap etrabynyň ýaşaýjylary ölen ýaşaýjynyň Abdulkerim atly etniki türkmendigini habar berdiler. Ýaşaýjylar onuň türkmen serhetçileri tarapyndan atylyp öldürilendigini öňe sürdüler.
Şonda bu waka barada hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden kommentariýa almak başartmandy.
Bu, radikal hereketiň 2021-nji ýylyň awgust aýynda Owganystanda häkimiýeti ele geçireni bäri, türkmen serhetçileri bilen "Talyban" söweşijileriniň arasynda bolan ilkinji gös-göni çaknyşykdyr.
"Talyban" Owganystanda häkimiýeti ele geçirmezden ozal hem, Türkmenistanyň serhetçileri bilen goňşy tarapdaky ýaragly toparlaryň arasynda çaknyşyklar bolupdy.
Ýatlatsak, Türkmenistanyň hökümeti "Talyban" goňşy ýurtda häkimiýeti ele geçirmezden has öň, "Talyban" liderleri bilen gepleşikleri geçirdi.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.