Türkmen sazandalary Iogannes Bramsyň iň gowy eserlerini ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň Uly zalynda nemes kompozitory Iogannes Bramsyň ýagty ýadygärligine bagyşalanan saz agşamy geçirildi, onuň aradan çykanyna 120 ýyl boldy.Brams 1833-nji ýylda Gamburgda waltorna we kontrabas sazandasynyň maşgalasynda dünýä indi.

Iogannes kakasynyň çykyş edýän orkestri üçin sygan we wehger sazlaryny gaýtadan işläp, kompozitorlykda ilkinji tejribe edindi. Ýetginjek döwri Brams Robert Şumanyň aýaly tanymal pianinoçy Klara Şumana aşyk bolýar we tutuş ömrüne şol zeanayň yşgynda bolýar.

Bu söýgi kompozitoryň dörededijiligine joşgunly äheň beripdir diýen pikir hem bar.

Brams ýeke operada ýazmasa-da, beýleki žanrlaryň ählisnde eser döredipdir. Saz agşamynda onuň instrumental eserleri, wenger tanslary, pýesalary, aýdymlary ýerine ýetirlip, olar kompozitoryň döredijiliginiň köp ugurlydygyny görkezdi.

D. Öwezoň adyndaky ýörüte sazçylyk mekdebiniň Gözel Hommaýewanyň ýolbaşçylygyndaky horeografik ansambly ilkinji gezek konserwatoriýanyň sazandalary bilen çykyş etdi. Tansçylar joşgunly çykyşlary bilen agşama täze röwüş berdiler.

Pianinoçy Bahar Annadurdyýewanyň ýerine ýetiren intermessosy, şeýle hem kirişli saz gurallarynyň üçlügi bilen çalan sazlary tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Türkmenistanyň halk artisti Gülnar Nuryýewa Bramsyň Gyzlar aýdymyny“ we Ýagyş astynda“ eserini ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň alkyşyny aldy.

Belli skripkaçy Ibragim Orazow şadyýan Skersony“ nepis ýerine ýetirdi.

Gülnar Nuryýewanyň, Bibijemal Nuryýewanyň we Bahar Durdyýewanyň bilelikde aýdan meşhur Hüwdüsi“ agşamyň bezegi boldy.

Halkara bäsleşikleriniň laureaty Stella Faramazowa agşamyň esasy konsertmeýstri boldy.

Kamera ansambly kafedrasynyň ХIХ asyr nemes kompozitory Iogannes Bramsyň ýagty ýadygärligine bagyşlap gurnan agşamynda ýaňlanan beýik kompozitoryň eserleri aşgabatly saz muşdaklary üçin ajaýyp sowgat boldy, olar Robert Şumanyň aýdyşy ýaly, onuň ussatlygy öz döwründe pajarlap ösdi we döwrüniň waspyny ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Fortepiano ussatlygy: konserwatoriýanyň uçurymynyň konserti
Tanymal pianinoçy Amangül Gylyçmyradowa Aşgabatda çykyş etdi
Halk saz gurallary
Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky orkestr aýdym-saz muşdaklaryna naýbaşy eserleri peşgeş etdi
Dosent Berdiniýaz Rejepmedowyň doglan güni mynasybetli duşuşyk geçirildi