Türkmen sazandalary Gruziýada geçirilýän sazçylyk festiwalyna gatnaşar

Gruziýanyň Sinandali şäherinde nusgawy sazlaryň muşdaklary üçin 31-nji awgust 10-njy sentýabr aralygynda sazçylyk festiwaly geçiriler. Festiwalda Janandrea Nozeda, Manfred Honek, Wahtang Kahidze we Kristof Konts ýaly dirižýorlar, şeýle hem Ýefim Bronfman, Tsotne Zedginidze, Nobuýuki Suji, Aleksandr Malofeýew ýaly wirtuoz solistler we beýlekiler çykyş ederler.

Bu festiwalda Pan Caucasian youth orchestra atly orkestrada bütindünýä sazandalary bilen bilelikde Türkmenistandan 7 adam Selbinýaz Mulkamanowa, Altyn Nurmyradowa, Aýlar Annamyradowa, Gözel Matkarimowa, Döwran Gylyjow, Ysmaýyl Sähetmyradow, Aýlar Botaýarowa çykyş ederler. Bu sazandalar Italiýada şu ýylyň 25-nji fewralynda geçirilen bäsleşigiň ýeňijileridir.

Ýene degişli makalalar

Gruziýanyň Sinandali sazçylyk festiwaly
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Aşgabatlylara maýyllyk getiren "Bahar ylhamy"
Türkmenistanyň futzal çempionatynda ikinji aýlawyň duşuşyklary tamamlandy
Mentonda däbe öwrülen limon festiwaly başlandy
Olimpiýa oýunlary syýahatçylaryň sanyny artdyrdy