Türkmen samboçylary Gazagystanda geçirilen dünýä birinjiliginde 6 medal gazandylar

Türkmen samboçylary Gazagystanda geçirilen dünýä birinjiliginde 6 medal gazandylar

Türkmen samboçylary Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda alty medal - 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar diýip, Orient saýty habar berýär.

Söweş sambosynda 71 kg agram derejesinde Muminjan Arzykulow altyn medal gazandy. Kümüş medallary Bägül Nuryýewa (söweş sambosy, 50 kg çenli) we Sabina Agajanowa (söweş sambosy, 80 kg-dan ýokary) gazandylar.

Bürünç medallara Kambar Umarow (sport sambosy, 71 kg çenli), Zarina Abdurahmanowa (söweş sambosy, 54 kg çenli) we Gülzada Jorakulyýewa (söweş sambosy, 72 kg çenli) mynasyp boldular.

Ýaryşa dünýäniň 80 ýurdundan 470-den gowrak türgen gatnaşdy. Şu ýyl çempionatyň maksatnamasyna ilkinji gezek ýaryşyň täze görnüşleri - zenanlar söweş sambosy we gözi görmeýän türgenleriň arasyndaky tutluşyklar goşuldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly samboçylar 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar
Futbol boýunça Mary welaýatynyň kubogy ugrundaky ýaryşda ýarym finalçylar belli boldy
“Altyn asyryň” baýramçylyk sowgady
“Altyn asyryň” nobatdaky ýeňşi
Ýarym finalçylar belli boldy
Korrupsiýa aýyplamalarynda ýene-de ençeme resmi wezipesinden boşadyldy