Türkmen samboçylary Bişkekde geçirilen dünýä çempionatynda alty medal gazandy

Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysynyň wekilleri Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen dünýä çempionatynda alty medal gazandy. Olaryň biri altyn, ýene biri kümüş, dördüsi bolsa bürünç medallardyr.

Ozal hem habar berşimiz ýaly, türkmen ýygyndysynyň altyn medalyny dünýä çempionatynyň ilkinji gününde Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölümiň çagyryş boýunça harby gullukçysy Muhammet Kössekow gazandy.

Onuň ikinji gününde Türkmenistanyň Söweş sungaty boýunça milli federasiýasynyň wekili Kakageldi Ýegenbaýew (71 kilograma çenli agram derejesinde) bilen Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň türgeni Batyr Hojamuhammedow (98 kilograma çenli agram derejesinde) ýurdumyzyň sport üstünliklerine bürünç medallaryň ikisi bilen goşant goşdular.

Lebaply tälimçi Begenç Baltaýew ýaryşyň üçünji gününde milli ýygyndymyzyň bu ýaryşdaky ýeke-täk kümüş medalyny eýeledi. Ol bu üstünligi 79 kilograma çenli agram derejesinde gazandy. Şol gün sport sambosy boýunça Guwanç Begalyýew (98 kilograma çenli) bilen söweş sambosyndan Babajan Iwadullaýew (98 kilograma çenli) dagy hem bürünç medallaryň ikisini almagy başardylar.

11 — 13-nji noýabr aralygynda geçirilen dünýä çempionatyna 52 döwletiň wekilleri gatnaşdylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda Hasyl toýy bellenildi, Mejlisiň deputatlary Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini kabul etdiler, Aşgabatda hindi sarisiniň bäsleşigi geçirildi we beýleki habarlar
Türkmenistanyň sambo boýunça milli ýygyndysy Liwanda geçiriljek Aziýanyň çempionatyna gatnaşar
Türkmenistanly türgenler dünýä çempionatynyň üçünji gününde üç medala mynasyp boldular
Türkmenistanly samboçylar Aziýanyň çempionatynyň üçünji gününde 12 medal gazandylar
Türkmenistanly samboçy Nedir Allaberdiýew Daşkentde geçirilýän dünýä çempionatynda bürünç medal gazandy
Türkmenistanyň sambo we söweş sambosy boýunça milli ýygyndysy Daşkentde geçirilen Aziýa çempionatynda 13 medal gazandy