Türkmen samboçylary Aziýa we Okeaniýa çempionatynyň 21 medalyna eýe boldular

Makaoda geçirilen sambo boýunça Aziýa we Okeaniýa çempionatynda türkmen samboçylary 21 medala eýe boldular. Şolaryň 2-si altyn, 6-sy kümüş, galan 13-si bolsa bürünç medallardyr. Netijede Türkmenistanyň milli ýygyndysy öňdäki üçlügi jemledi.

Şeýlelikde, söweş sambosy boýunça Bagül Nuryýewa (50 kg) we Ruşana Nurjowowa (59 kg) altyn medala mynasyp boldular. Sport sambosy boýunça Kambar Umarow (71 kg), Agamyrat Bäşimow (88 kg), Aziza Nazarowa (50 kg), söweş sambosy boýunça Kerim Kerimow (64 kg), Zarina Abdyrahmanowa (54 kg), Sabina Agajanowa (+80 kg) kümüş medaly eýelemegi başardylar.

Sport sambosy boýunça Babamyrat Baýramow (58 kg), Sapar Döwletow (64 kg), Nedir Allaberdiýew (79 kg), Saýara Rozyýewa (54 kg), Madina Aýdogdyýewa (59 kg), Zyba Orunowa (72 kg), Saodat Işmuradowa (80 kg), Sabina Agajanowa (+80 kg), söweş sambosy boýunça Alyhan Aýdogdyýew (58 kg), Maksat Annagylyjow (79 kg), Agasapar Muhadow (88 kg), Bezirgen Begenjow (+98 kg), Gülzada Jorakulyýewa (72 kg) bürünç medala mynasyp boldular.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanly samboçylar 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar
Kuraş 2023: Sabina Agajanowa finalda göreşer
Kuraş 2023: ýedi finalyň altysynda türkmen pälwanlary göreşer
Kuraş 2023: 39 ýaşly türgen dünýä çempiony boldy
Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Kuraş 2023: türkmen ýygyndysynyň iň kiçi ýaşly agzasy çempionata ýeňiş bilen girişdi