Ýakynda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan görnükli şahyr we ussat žurnalist Akmyrat Hojanyýazyň Özüň bolup ýaşamak atly täze kitaby neşir edildi. 5 müň nusgalykda çap edilen kitapda A.Hojanyýazyň soňky ýyllarda ýazan makalalarynyň, goşgularynyň diňe bir bölegi girizildi.
Bular, esasan, syýasy-publisistik eserlerdir.Türkmenistandaky uly wakalardan, taryhy özgertmelerden, döwrüň möhüm meselelerinden, gadymyýetiň yzlaryndan söz açýan, awtoryň özboluşly pikir-garaýyşlaryna, pelsepesine ýugrulan bu eserler okyjylarda uly täsir galdyrar diýip, Türkmenistan gazeti habar berýär.
Kitabyň Hyzmatlaryň ulusy Watana hyzmatdyr, Göwün göwünden suw içer, Sag başym — soltan başym atly bölümlerinde syýasy-publisistik we edebi makalalar, Ýoluň açyk bolsun, Türkmenistanym! atly bölüminde bolsa şahyryň soňky ýyllarda döreden goşgularynyň ençemesi ýerleşdirilipdir.
Ýeri gelende bellesek, Akmyrat Hojanyýaz 1960-njy ýylda Halaç etrabynyň Pelwert obasynda dünýä inýär. Şol obadaky 22-nji mekdebi tamamlap, W.I.Lenin adyndaky pedagogik (häzirki Seýitnazar Seýdi adyndaky mugallymçylyk) institutynyň taryh-filologiýa fakultetine okuwa girýär. 1981-nji ýylda instituty türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünäri boýunça tamamlandan soň, öz bilim alan mekdebinde ýaşlara sapak berýär.
Ol dürli ýyllarda Sowet Türkmenistany (soňra Türkmenistan), Edebiýat we sungat, Nesil gazetlerinde habarçy, uly habarçy, bölüm müdiri, baş redaktoryň orunbasary, Esger gazetiniň baş redaktory, syýasy-jemgyýeteçilik işgäri ýaly wezipelerde işleýär, häzirki wagtda bolsa Türkmenistan gazetiniň bölüm redaktory wezipesinde zähmet çekýär.
Şahyr, publisist Akmyrat Hojanyýazyň goşgular ýygyndylary, şeýle-de syýasy-publisistik makalalaryny öz içine alýan ýygyndylary dürli ýyllarda Magaryf, Türkmenistan neşirýatlary tarapyndan çap edildi.Onuň terjime etmeginde Gündogaryň beýik akyldarlary Hoja Ahmet Ýasawynyň, Möwlana Jelaletdin Rumynyň, Nyzamy Genjewiniň, Feridetdin Attaryň, Hafyzyň, meşhur awar şahyry Resul Gamzatowyň we beýlekileriň eserleri türkmen okyjylaryna ýetirildi.
Ol Watan öňünde bitiren hyzmatlary üçin birnäçe abraýly döwlet sylaglaryna hem mynasyp boldy.
Ozal habar berşimiz ýaly, 2019-nji ýylda A.Hojanyýazyň Watan hakynda aýdym atly goşgular ýygyndysy okyjylara gowşupdy. Köp ýyllardan bäri okyjylaryň söýüp okaýan şahyryna öwrülen A.Hojanyýazyň şol goşgular we poemalar kitaby onuň kyrk ýyllyk döredijilik işiniň agramly bölegini öz içine alýar.
Şeýle-de okaň: