Türkmen sahnasynyň tanalan wekilleri ildeşlerini prezident hakyndaky 'ýalan geplere' ynanmazlyga çagyrýar

Türkmen sahnasynyň tanalan wekilleri ildeşlerini prezident hakyndaky 'ýalan geplere' ynanmazlyga çagyrýar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow dynç alşyny we gutlagdyr gynanç hatlaryny çap etmegi dowam etdirýär, şu aralykda, 27-nji iýulda türkmen sahnasynyň tanalan wekilleri, aýdymçylar, şortalar, aktýorlar we toý dabaralaryny alyp baryjylar sosial ulgamlarda prezident hakynda sosial mediada we rus mediasynda ýaýradylan ýakymsyz gürrüňlere garşy “durýalan” kampaniýasyna başlady.

Mundan öň türkmen aýdymçylary, hökümeti we onuň alyp barýan syýasatyny goldap, "Arkadag aýdymlary" bilen yzygiderli çykyş etseler-de, bu hili sosial media garşy duruş aktiwliklerine gatnaşmandylar.Aýdymçylaryň bu aktiwleşmesi prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tunisiň prezidenti Beži Kaid Es-Sebsiniň aradan çykmagy zerarly gynanç hatyny çap etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen režimini goldaýan we sosial mediada iň meşhur hasaplanylýan, muşdaklary on müňlerçe bolan sahna wekilleriniň birnäçesi prezident Berdimuhamedowyň ýogalandygy barada ýaýran gürrüňlere ynanmazlyga çagyryp, olaryň ýalandygyny nygtap, beýle gürrüňleri ýaýradýanlary ýazgaryp, instagramda wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Mysal üçin, sosial mediada müňlerçe eýerisjisi bolan Ýagşy Goşunow "ýalan töhmetlere" ynanmazlyga çagyryp, olary ýaýradýanlaryň ýüzlerine "köz basylmagyny" dileýär, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe oppozisiýa wekilleri tankyt edilende köp ulanylan "It ýürer, kerwen geçer" diýen nakyly ýatladýar. Şunuň ýaly guramaçylykly aktiwlik goňşy Özbegistanda, uzak wagtlyk prezident Yslam Kerimowyň ýogalandygy baradaky gürrüňler ýaýranda, özbegistanly aýdymçylar tarapyndan hem görkezilipdi.

Olar hem Kerimowyň ölümi baradaky geplere ynanmazlyga çagyrypdylar.Instagramda peýda bolan ýüzlenmeleriň ýene biriniň awtory, toý dabarlaryny alyp barmakda hem tanalýan Begmyrat Amangulyýew bolsa, "yalan we töhmetcilikli maglumata "dur" we "bes indi" diyip aýdalyň" diýýär hem-de "Geliň özlermiziň sahypalarmyzda ýalan maglumat ýaýradanlara gysga yúzlenmelermizi #duryalan heşteg bilen ýaýradalyň" diýip, öz kärdeşlerine ýüzlenýär. “Mähriban dostlarym! Şeýle ýalan maglumatlara ynanmaň!

Ol maglumaty ýaýradýanlaryň maksady - Halkyň arasyna howsala salmak, milletiň agzyny alartmak.Bu Olara başartmaz!” diýip, ýüzlenmede aýdylýar.Selbi Tuwakgylyjowa diňleýjilerinden özüniň dykgat bilen diňlenmegini haýyş edýär we "watan dönüklerine" nälet okanyndan soň, watanyň nämedigini düşündirýär; "watanyndan aýrylan", "uzaklarda watan zaryny çekýän" türkmenistanlylara duýgudaşlyk bildirýär, olaryň ýurduna gaýdyp gelmegini arzuw edýär. Şol bir wagtda, her biriniň instagramda onlarça müň eýerisjisi bolan aýdymçylar öz aýdýan sözleri bilen bagly hiç bir anyk fakt getirmeýärler.

Il içinde bir döwür döwlet telewideniýesiniň alyp baryjysy hökmünde hem tanalan Mergen Annamuhamedow bolsa, öz duýgularyny goşgy setirlerinde beýan etmäge synanyşdy.Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow, TDH-nyň maglumatyna görä, 15-nji iýuldan bäri dynç alýar.

Emma muňa garamazdan, 20-21-nji iýulda sosial mediada we rus metbugatynda ýaýran ölüm gürrüňlerinden soň, döwlet baştutanynyň, paýtagtyň şäher häkiminiň haýyşy boýunça, 24-nji iýulda Aşgabatdaky duralga taslamalaryny görmäge gelendigi habar berildi. Şol bir wagtda, Moskwadaky we Bişkekdäki türkmen ilçihanalarynyň inkär etmesinden başga, türkmen hökümeti-de, döwlet eýeçiligindäki resmi media hem prezidentiň ölümi hakynda ýaýran gürrüňlere açyk-aýdyň reaksiýa bildirmedi. ​ Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow nirede?
26.07.2019 | Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Dünýäniň iň ýaşuly ýolbaşçysy
07.06.2019 | Döwlet Baştutanynyň adyna hatlar gelip gowuşdy