Türkmen-rus medeni hyzmatdaşlygy

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasyny taryhyň gatlaryna uzaýan medeni gatnaşyklar we häzirki döwürde has-da ýygjamlaşýan ykdysady hyzmatdaşlyk ýakyndan baglanyşdyrýar. Russiýa Federasiýasy Türkmenistanyň esasy strategik hyzmatdaşy hasaplanýar. Häzirki wagtda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup durýar, iki ýurtda özara Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Bu çäreler doganlyk halklaryň has-da ýakynlaşmagyna goşant goşýar.

Ýurdumyzda diňe bir Russiýanyň medeniýetine däl, eýsem, rus dilini we edebiýatyny öwrenmäge-de uly üns berilýär. Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebiň açylmagy bilim ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesiniň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda Türkmenistanyň ähli bilim edaralarynda rus dili öwredilýär. Türkmen talyplarynyň on müňlerçesi Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar.

Iki doganlyk döwletiň arasyndaky ynsanperwer ugurly hyzmatdaşlykda medeni gatnaşyklara hem aýratyn ähmiýet berilýär. Muňa 16-17-nji oktýabrda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen Russiýanyň Medeniýet günleriniň çäreleri hem aýdyňlygy bilen subutnamadyr.

Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet günleri 16-njy oktýabrda Adygeýanyň Nalmes Döwlet akademiki halk tans toparynyň konserti bilen açyldy. Bu maksatnamada gadymy Islameý tansy, hanjar tansy, horeografiki kompozisiýalar görkezildi. Şeýle hem W.D.Polenow adyndaky Russiýanyň Döwlet halk döredijilik öýi tarapyndan taýýarlanan Russiýanyň gurnama mozaikasy sergisi görkezildi.

Mundan başga-da, P.I.Çaýkowskiý adyndaky XV Halkara bäsleşiginiň we köp sanly rus hem-de halkara ýaryşlaryň ýeňijisi, Moskwanyň Döwlet akademiki filarmoniýasynyň solisti, pianinoçy Dmitriý Masleýew iki sany ussatlyk sapagyny geçirdi.

Mukamlar köşgünde P.I.Çaýkowskiniň ýubileýine tarap atly nusgawy aýdym-saz konserti geçirildi. Onda halkara ýaryşlaryň ýeňijisi Dmitriý Masleýew P.Çaýkowskiniň we S.Rahmaninowyň eserlerini ýerine ýetirdi.

Agajan ANNAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandan özüni idäp gelen adamsyny ýençdiren zenany polis gözleýär
Adamsyny urdurmakda aýyplanýan türkmen zenany tutuldy
Ussat mugallym, halypa sazanda
PETRONAS kompaniýasynyň Türkmenistandaky şahamçasy hukukçylary gözleýär
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd boş iş ornuny hödürleýär
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd kompaniýasy işe çagyrýar