Türkmen-rus işewürlik maslahaty dowam edýär

19-njy ýanwarda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-rus işewürlik maslahaty geçirildi.

Işewürlik duşuşygyna gatnaşmak üçin Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar türkmen paýtagtyna geldi.Wekiliýetiň düzümindäki ýokary wezipeli myhmanlaryň hatarynda ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem Hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ministrlikleriň, döwlet edaralarynyň, täjirçilik däl guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary wekiliýetiň düzüminde ýurdumyza geldiler.

Türkmen tarapyndan birnäçe wise-premýerler, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, döwlet konsernleriniň, birleşikleriniň, komitetleriň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary foruma gatnaşýarlar.

Günüň birinji ýarymynda “tegelek stoluň” başynda duşuşyklar geçirildi.Olaryň barşynda senagat kooperasiýasy we gurluşyk önümçiligi, innowasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, ulag-logistika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meýilleri we ýollary barada pikir alyşmalar boldy.

Bilim edaralarynyň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlyk meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň arasynda duşuşyklar geçirildi.Olaryň çäklerinde dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.

Döwletara hyzmatdaşlygyň üstünliklere we oňyn netijelere beslenýär

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow ýygnananlaryň öňünde çykyş edip,

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň ugry boýunça hyzmatdaşlygyň gurallarynyň ýeterlik derejede netijeli herekete girizilendigi bellenildi.Bu toparyň mejlisleri yzygiderli esasda geçirilýär hem-de barha köp ugurlary öz içine alýar. Ýokary derejedäki gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň üstünliklere we oňyn netijelere beslenýändiginiň esasy, kesgitleýji şerti bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, diňe geçen ýylyň özünde Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleriniň arasynda bäş duşuşyk geçirildi.

Olaryň barşynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalar tassyklanyldy, onuň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.Geçen ýylyň iýun aýynda Moskwada döwlet Baştutanlary tarapyndan strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekilmegi ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändiginiň subutnamasydyr.

Bilelikdäki işler mundan beýläk-de giňeldiler

Soňky wagtlarda energetika, ulag, önümçilik kooperasiýasy ýaly ugurlarda uly üstünlikleriň gazanylandygy kanagatlanma bilen bellenildi. Gaz, nebit we elektroenergetika toplumlarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barha giňeldilýär. Şunda “Tatneft” we “Gazprom” kompaniýalarynyň türkmen bazarynda barha artýan işjeňligine üns çekildi. Nebitgaz pudagynda bilelikdäki işleri mundan beýläk-de giňeltmegi ugur edinilýändigi bellenildi.

Häzirki wagtda elektroenergetika ulgamynda Marynyň döwlet elektrik stansiýasyny hem-de Türkmenbaşy şäheriniň ýylylyk elektrik merkezini döwrebaplaşdyrmak işlerine “Silowyýe maşiny” paýdarlar jemgyýetini çekmek boýunça taslamanyň üstünde işlenilýär.Ulag we logistika ulgamynda giň mümkinçilikler açylýar, şunda demir ýol we gämigurluşyk ulgamynda hyzmatdaşlyk aýratyn ileri tutulýan ugra öwrülýär. Şunda gürrüň, ozaly bilen, Demirgazyk — Günorta halkara üstaşyr ulag geçelgesiniň gündogar ugry boýunça hereket etmegi barada barýar.

Häzirki wagtda bu ugurda russiýaly hyzmatdaşlar hususan-da, Russiýanyň demir ýollary kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen bilelikdäki işler alnyp barylýar.Geçen ýylyň deslapky jemleri boýunça Russiýadan Türkmenistanyň çäkleriniň üstünden sebitiň beýleki ýurtlaryna geçirilýän ýük gatnawlarynyň 4 esse artandygy, ýokarda görkezilen ugruň çäklerinde konteýnerleri geçirmegiň birnäçe gezek artandygy bellenilýär.

Hazar deňzinde logistika hyzmatdaşlyk babatda Türkmenbaşy — Astrahan we Türkmenbaşy — Mahaçkala portlarynyň ugurlary boýunça biziň ýurtlarymyzyň arasynda gatnawlaryň doly möçberde herekete getirilmeginiň möhümdigi barada aýdyldy. Özara haryt dolanyşygyny artdyrmak hem-de diwersifikasiýalaşdyrmak nukdaýnazaryndan, tutuşlygyna ikitaraplaýyn işewürlik gatnaşyklarynda türkmen tarapynyň Astrahandaky “Lotos” aýratyn ykdysady zolagynyň işine gatnaşmagy üçin oňyn mümkinçilikler açylýar.

Gämi gurluşygynda “Balkan” gämigurluşyk zawodynda söwda maksatly gämileri gurmakda anyk netijelere çykmaga mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ýurdumyzyň söwda floty üçin Russiýanyň gämigurluşyk zawodlaryna buýurmalary bermek baradaky teklibe garamaga taýýardygy beýan edildi.

Bu ugurda ýeterlik tejribe toplandy.

Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda howa gatnawlarynyň dikeldilendigini hem-de täze ugurlaryň açylandygyny bellemek gerek diýip, wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy sözüni dowam etdi.Biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň sebitleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmagyna hem-de ösdürmegine döwletara hyzmatdaşlykda möhüm orun degişlidir.

Geçen ýyllaryň dowamynda Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty bilen netijeli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary emele geldi.Häzirki wagtda Russiýanyň birnäçe beýleki sebitleri, hususan-da, Çelýabinsk, Swerdlowsk we Orýol oblastlary hem Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýärler, biz muny goldaýarys. Şunuň bilen baglylykda, RF-niň sebitleriniň ýolbaşçylary we işewür toparlary bilen bu meýilnamalary anyk ara alyp maslahatlaşmaga taýýarlyk tassyklanyldy.

Ýokary tehnologiýalar ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde kesgitlenildi. Russiýanyň Hökümeti tarapyndan bu ulgamyň ösdürilmegine, şol sanda halkara kooperasiýa ugry boýunça giňeldilmegine aýratyn üns berilýär. Türkmenistan bu ugurdaky işlere gatnaşmagy, hususan-da, tehnoparklary, IT hem-de Hi-Teсh merkezlerini döretmek babatda çärelere goşulyşmagy ugur edinýär.

Ynsanperwer ulgam döwletara hyzmatdaşlygyň üýtgewsiz ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu ulgam yzygiderli esasda ösdürilýär. Biziň ýurtlarymyz taryhy gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem-de halklarymyzyň arasynda däp bolan dostlugyň berkidilmegine ygrarlydyrlar. Döredijilik toparlaryny yzygiderli alyşmak işi, özara Medeniýet günleri we beýleki çäreler geçirilýär. Moskwanyň Uly döwlet sirkiniň artistleriniň Türkmenistanda ýakynda guralan hem-de üstünlikli geçen çykyşlary munuň mysalydyr.

Bilim ulgamynda oňyn ösüşler äşgär görünýär.Mysal üçin, häzirki wagtda Russiýada Türkmenistandan, takmynan, 30 müň talyp bilim alýar. Ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk hil taýdan täze derejä çykarylýar.

Türkmenistanyň we Russiýanyň iri ýokary okuw mekdepleriniň birnäçesiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşyklara gol çekildi.Bu ugurda gatnaşyklary giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi.Türkmenistanda rus medeniýetini we rus dilini döwlet derejesinde goldamak işi amala aşyrylýar.

Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda rus dilinde okadylýan umumy bilim berýän mekdepleriň 71-si hereket edýär, okuw, ylmy, çeper edebiýat we döwürleýin neşirler çap edilýär.Aşgabatda 2002-nji ýyldan bäri hereket edýän A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebi hem-de 2018-nji ýylyň maý aýynda Astrahan oblastynda açylan Magtymguly Pyragy adyndaky orta mekdep bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr.

Türkmenistanyň Baştutanynyň başlangyjy bilen ýurdumyzda bilelikdäki Türkmen-rus uniwersitetini açmagyň taslamasy bu ulgamda hyzmatdaşlygyň täze tapgyryny açmaga ýardam berer.Bu taslamany durmuşa geçirmek maksady bilen, ýörite iş topary döredildi.

Ol russiýaly hyzmatdaşlar bilen täze ýokary okuw mekdebiniň hukuk we guramaçylyk binýadyny taýýarlamak boýunça degişli işleri alyp barýar. Şunuň bilen birlikde, türkmen tarapy Aşgabatda A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň täze binasyny gurmak hakynda çözgüdi kabul etdi.

Wise-premýer, daşary işler ministri çykyşynyň ahyrynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga taýýardyklary üçin russiýaly hyzmatdaşlara hoşallygyny beýan edip, şu gezekki forumyň bu ugurdaky işlere oňyn täsir etjekdigine ynam bildirdi.

Türkmen bazarynda 200-e golaý rus kompaniýasy işleýär

Öz nobatynda, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin foruma gatnaşyjylara we onuň myhmanlaryna ýüzlenip, häzirki wagtda ählumumy maliýe-ykdysady gatnaşyklary täzeden ýola goýmak ýagdaýynyň dowam edýändigini belläp, Mihail Mişustin häzirki döwrüň diňe bir uly wehimleriň däl-de, täze mümkinçilikleriň, ozaly bilen, dürli ulgamlarda özbaşdaklygy, şol sanda ykdysady, maliýe, tehnologik özbaşdaklygy pugtalandyrmak üçin mümkinçilikleriň açylýan wagtydygyny aýtdy.

Ol çykyşynyň dowamynda Russiýanyň ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýyny gysgaça häsiýetlendirdi.Ol, umuman, durnukly ýagdaýda saklanýar, işjeň ösdürilýär.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Russiýada Türkmenistan bilen dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna tüýs ýürekden buýsanylýandygyny nygtap, häzirki wagtda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň möçberiniň bir milliard amerikan dollaryna ýetendigini kanagatlanma bilen belledi. Myhman ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýdyp, özara kooperasiýany giňeltmäge taýýarlygy hem-de bilelikdäki işleriň depginini ýokarlandyrmaga gyzyklanmany tassyklady.

Bellenilişi ýaly, türkmen telekeçileri öz öndürýän ýokary hilli hem-de bäsdeşlige ukyply önümleri bilen Russiýadan çykyp giden daşary ýurt kompaniýalaryndan soňra boşan käbir boşluklary eýeläp bilerler.Hususan-da, haryt akymlaryny giňeltmek, bilelikdäki önümçilikleri döretmek, häzirki zaman senagat, energetika, ulag desgalarynyň gurluşygy ýaly ugurlarda mümkinçilikleriň açylýandygy barada aýdyldy. Şunuň bilen baglylykda, Russiýanyň önüm öndürijileriniň Ýewropa ugrunda işewürlik üçin päsgelçilikleriň ýüze çykandygy sebäpli, dostlukly ýurtlarda özara bähbitli taslamalary durmuşa geçirmegi ugur edinýändikleri, Türkmenistanyň hem şol ýurtlara degişlidigi nygtaldy.

Işewürlik maslahatyna Russiýanyň köp sanly kompaniýalary gatnaşýarlar hem-de olar hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça anyk teklipleri ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyrlar diýip, Mihail Mişustin sözüni dowam etdi we Russiýa bilen Türkmenistanyň birek-birek üçin hemişe ygtybarly hyzmatdaşlar bolandyklaryna, şeýle bolup hem galjakdyklaryna aýratyn üns çekdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklar barada aýtmak bilen, geçen ýyl iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň, şeýle hem dostluk we hyzmatdaşlyk hakynda Şertnama gol çekilmeginiň 20 ýyllygynyň bellenilendigini nygtady. Şu ýyllaryň içinde bilelikdäki işler dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürildi hem-de häzirki wagtda täze derejä çykarylýar.

Myhman çykyşynyň dowamynda Prezidentler Wladimir Putiniň we Serdar Berdimuhamedowyň geçen ýylyň iýun aýynda Moskwada gol çeken strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamanyň, şeýle hem baglaşylan täze ylalaşyklaryň, şol sanda oba hojalyk we söwda, bank, maglumat, ulag ulgamlarynda bilelikdäki taslamalar boýunça, sebitara kooperasiýany pugtalandyrmak hakynda ylalaşyklaryň ähmiýetini nygtady.

Türkmen bazarynda Russiýanyň işewür toparlarynyň gatnaşmagynda 200-e golaý kompaniýanyň işleýändigi hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetiniň aýdyň mysallarynyň biridir.Energetika, oba hojalygy, dokma senagaty, maşyngurluşyk pudaklary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Senagat kooperasiýasynyň ösdürilmeginiň ileri tutulýan ugurlaryň biridigi bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, iri taslamalar, şol sanda teplowozlary, ýük awtoulaglaryny, ozaly bilen, “KamAZ” awtoulaglaryny ibermek bilen bagly taslamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Şunuň bilen birlikde, gämigurluşyk pudagynda uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi. Bu işler özara bähbitlilik esasynda, iki ýurduň gurluşyk meýdançalaryny peýdalanmak arkaly geçirilmelidir.

Halkara ulag geçelgeleriniň döredilmeginiň ähmiýetine aýratyn üns çekildi. Şunda Russiýanyň çemeleşmeleri türkmen tarapynyň garaýyşlary bilen doly gabat gelýär. Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesini ösdürmegiň üstünde bilelikde işlenilýär. Onuň doly kuwwatyna çykarylmagy işewürlik üçin geljekde düzümleri, hyzmatlar we söwda-logistika merkezlerini gurmak, deňiz portlaryny döwrebaplaşdyrmak bilen baglanyşykly giň mümkinçilikleri açar.

Hazar deňziniň gündogar kenarynyň ugry boýunça awtoulag ýolunyň gurluşygyny geljegi uly bilelikdäki taslamalaryň hatarynda görkezip, Mihail Mişustin Hazarda Russiýanyň we Türkmenistanyň deňiz portlarynyň ýük dolanyşygyny artdyrmagyň, demir ýol lokomotiwleriniň, ýük we ýolagçy wagonlarynyň iberilmeginiň giňeldilmeginiň zerurdygy baradaky pikiri aýtdy.

Russiýanyň sebitleri bilen göni gatnaşyklary ýola goýmak ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudyr. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Sankt-Peterburg, Tatarystan Respublikasy, Astrahan oblasty, umuman, Russiýanyň 60-a golaý subýekti bilen ýola goýlan gatnaşyklary barada aýdyldy. Olaryň köpüsi bilen dürli ulgamlarda ylalaşyklar baglaşyldy.

Myhman Russiýa Federasiýasynyň biziň ýurdumyz bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin işjeň tagalla etjekdigini aýdyp, RF-niň Hökümetiniň hem-de karz-eksport goldawy boýunça döwlet edaralarynyň telekeçilere goldaw bermäge, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde gümrük, weterinar we ösümlikleri geçirmegiň gözegçilik kadalaryny, işewür toparlaryň wekilleri üçin wiza düzgünini ýönekeýleşdirmek mümkinçiliklerine garamaga taýýardyklaryny belledi.

Şeýle hem Mihail Mişustin Türkmenistanyň wekillerini Russiýada şu ýylyň birinji ýarymynda geçirilmegi meýilleşdirilen iri çäreleriň birnäçesine, hususan-da, “Russiýa — Yslam dünýäsi” halkara ykdysady forumyna, GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň, Ýewraziýa hökümetara geňeşiniň mejlislerine, “Ýewraziýa — biziň öýümiz” kooperasiýa taslamalarynyň sergisine, Ýewraziýa kongresine, Peterburg halkara ykdysady forumyna gatnaşmaga çagyrdy.

Ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekiler

Şu gün hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de geljekki hyzmatdaşlygyň meýilnamalaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususy düzümleriniň, işewürleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyklar geçiriler. Şeýle hem Türkmen-rus we Rus-türkmen işewürler geňeşleriniň bilelikdäki mejlisini geçirmek, telekeçilik toparlarynyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek göz öňünde tutulýar.

Russiýanyň önüm öndürijileri üçin “Russiýanyň söwda öýi” söwda-sergi meýdançasyny açmak çäresi hem meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Russiýa: özara bähbitli hyzmatdaşlyk giňeldilýär
22.11.2017 | Türkmenistanyň we Russiýanyň işewürleri topary netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek barada ylalaşyga geldiler
Aşgabatda türkmen-russiýa ykdysady maslahaty geçirildi
Russiýanyň Türkmenistandan üstaşyr ýük gatnawlary 4 esse artdy
16.08.2018 | Türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň strategiýasy tassyklanyldy
Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary